gazagystany-medeni-pa-tagty-almaty-s-herind-ki-aba-kunanba-dowlet-akademiki-o

Gazagystanyň medeni paýtagty Almaty şäherindäki Abaý Kunanbaý döwlet akademiki opera we balet teatry

Ýewraziýanyñ iň uly we meşhur teatrlaryndan biri bolan Abaý teatry, sahna sungatynyň ussatlaryny we ýaş zehinleri ýetişdirýär.

23 Nisan 2022 12:15

Teatr, 1933-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Almatyda elli aktýor, ýigrimi simfoniki sazanda we Gazagystanyň on iki orkestr sazandasyndan ybarat bolan aýdym-saz studiýasy hökmünde döredildi.

1934-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Muhtar Auwezowyň ýazan “Aýman-Şolpan” pýesasy aýdym-saz komediýasy hökmünde sahnalaşdyryldy.

Bu pýesanyň sahnalaşdyrylmagy Gazak operasy we balet teatrynyň döredilen güni hökmünde kabul edilýär.

1941-nji ýylyñ 7-nji noýabrynda teatryñ binasy gurulýar we şol ýyl teatra “ akademiki” status berildi.

1945-nji ýyldan bäri teatr Gazagystanyň intellektual, şahyr, gumanist, filosof, kompozitor, söz ussady Abaý Kunanbaýoglunyň adyny göterýär.

1995-2000-nji ýyllar aralygynda esasy binagärlik görki goralyp, teatrda umumy abatlaýyş işleri geçirildi.

Umuman aýdylanda, binanyň görki we esasy çeperçilik ugurlary goralyp saklandy, häzirki zaman  bezeg enjamlary ulanylyp foýe we auditoriýa meýdanyna “Altyn adam” lybasyndaky bezeglere meňzeş bezegler ulanyldy.

Gazak halk döredijiliginiň däp-dessularynyñ baýlygy we dürlüligi teatryň galan interýerleriniň bezeginde-de ulanyldy.

Häzirki wagtda teatryň repertuarynda Abaý, Aida, Abylaý Han, Aýsulu, Biržan we Sara, Enlik Kebek ýaly operalar, Anna Karenina, Bahçesaraý çüwdürimi, Romeo we Juliet, Söýgi rowaýaty ýaly balet pýesleri sahnalaşdyrylýar.

Habarlar