gazagystany-otrar-s-heri-taryhy-eserleri-bilen-unsi-ozune-cek-r

Gazagystanyň Otrar şäheri, taryhy eserleri bilen ünsi özüne çekýär

Gazagystanyň gadymy Otrar şäheri taryhy eserleri bilen syýahatçylary özüne çekýär.

31 Mart 2021 11:40

Otrar şäheri, Gazagystanyñ Türkistan şäherinden  takmynan 57 kilometr uzaklykda orun alýar.

Ozallar “Farab” diýip atlandyrylan Otrar şäheri, Türk dünýäsiniñ beýik alymy, pelsepeji Farabiniñ  dünýä inen, Türk imperatory Teýmiriñ wepat bolan şäheri hökmünde bilinýär.

Taryhda XIII asyrda günbatar we gündogar arasyndaky kerwen ýolunyñ esasy söwda merkezlerinden biri bolan Otrar, XVIII asyrda Jungarlar tarapyndan guralan hüjümde weýran edildi.

Ozaldan Gala, Şehristan we Rabat bolmak bilen 3 uly mähelleden ybarat bolan, töweregi diwarlar bilen gurşalan Otrar şäheri, zamanamyzda 200 gektarlyk meýdany gurşaýan Otrar depesinden ybarat.

Şäheriñ merkezinde orun alýan Han metjidiñ sütünleri zamanamyza çenli saklanyp galdy. Bilim adamlary Otrar şäheriniñ Yslam dininiñ sebitde ýaýramagynda esasy orny eýeländigini belleýärler.

Otrar şäheri, Gazagystanyñ 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan etmegi bilen açyk howa arheologiý müzeýe öwrülip döwletiñ goragy astyna alyndy.

Taryhyñ baý mirasçysy bolan Otrar şäherine her ýyl müñlerçe ýerli we daşary ýurtly syýahatçy gezmäge gelýär.

Otrar Döwlet Arheologiýa Muzeýiñ hünärmeni Nurseýit Amze beren interwýusynda, “ şäheriñ söwda gatnaşyklary güýçlidi. Arheologik gazuw-agtaryş işleri dowamynda sebitde Eýran tabagy, Hint monjugy, Hytaý keramikasy we köp dürli zatlar gün ýüzüne çykaryldy”-diýdi.

Amze, gadymy şäherde altyn we kümüş teññeleriniñ tapylandygyny hem habar berdi.

Şäheriñ açyk howa müzeýe öwrülip açylmagy bilen ýurduñ özüne çekiji ýerleriň birine öwrülendigini bellän Nurseýit Amze, şäheriň binagärliginiň müňlerçe ýerli we daşary ýurtly myhmanlary gadymy döwürlere gezelenje çykarýandygyny aýtdy.

Habarlar