gazagystany-pa-tagty-nur-soltanda-nowruz-ba-ramyny-o-i-syrasynda-koronawirus-e

Gazagystanyñ paýtagty Nur-soltanda Nowruz baýramynyñ öñi syrasynda koronawirus epidemiýa garşy göreş çäginde berk çäreler kabul edildi.

Gazagystanyñ paýtagty Nur-soltanda, koronawirusa ýolugan adamlaryñ sanynyñ köpelmegi sebäpli Nowruz baýramynyñ öñi syrasynda ýañadan berk karantin çäreleri güýje girizildi.

16 Mart 2021 13:52

Paýtagt Nur-soltanda baş lukman Sarhat Beýsenowa metbugata beren beýanatynda şäherdäki epidemiologiki ýagdaýyň durnuksyzdygyny we şäheriñ Kowid-19 ýaýrama tizligine görä töwekgelçilikli sebitde orun alýandygyny aýtdy.

Beýsenowa ýagdaýyñ erbetleşmeginiñ öñüni almak üçin Nowruz baýramynyñ öñi syrasynda Nur-soltan şäherinde goşmaça koronawirus çäreleriñ kabul edilendigini habar berdi.

Kabul edilen karara laýyklykda; Nur-soltan şäherinde 18-nji martdan başlap  açyk bolan kino-zallar ýapylar. Nowruz baýramçylyk çäreleri gadagan edildi. 21-nji martda şäherdäki jemgyýetçilik ulaglary bes ediler, söwda we güýmenje merkezleri bilen sport zallar ýapyk bolar. Şäherdäki kafe we restoranlaryñ iş sagatlaryna çäklendirme getiriler.

Tutuş ýurtda şugünki güne çenli 95 müñden gowrak adama kowid-19 sanjymy edildi.

Ýurduñ Saglygy goraýyş ministirligi tarapyndan berilen beýannamada Gazagystanda soñky 24 sagatda edilen PCR testlerde ýene 954 adamda koronawirusyñ bardygy anyklanmagy bilen ýurtda koronawirusa ýolugan adamlaryñ sany jemi  225,685-e ýetdi.

 

Habarlar