gazagystany-pa-tagty-nursoltan-24-asynda

Gazagystanyñ paýtagty Nursoltan 24 ýaşynda

Uly sähranyň merkezinde gurlan Gazagystanyň paýtagty Nur Soltan (Astana) 24 ýyllygyny belleýär.

08 Temmuz 2022 22:54

Gazagystanda 6-njy iýul “paýtagt güni” mynasybetli ýurtda dynç alyş güni.

6-njy iýulda tutuş ýurtda 24 ýyl mundan ozal uly sährada gurluşygyna başlanan täze paýtagt Nursoltanyň (Astana) döredilen güni uludan bellenýär.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli üç ýyllap pandemiýanyñ kölegesinde bellenip geçilen paýtagt güni, şu ýyl koronawirusa garşy göreş çäginde güýje girizilen çäreleriñ ýatyrylmagy bilen uludan bellendi.

Baýramçylyk çäreleriniñ merkezi seýilgähler boldy. Nursoltan şäheriñ ilaty bilen myhmanlar ertiriñ ir sagatlarynda ýaşyl derýanyñ kenarýakasyndaky seýilgähe baýramçylyk çärelerini tomaşa etmäge geldiler.

Seýilgähde estrada aýdymçylaryñ gatnaşmagynda konsertler, sergiler we çagalar üçin güýmenje çäreler gurnaldy

Nursoltan şäheriniñ döredilşi

1991-nji ýylyñ 16-njy dekabrynda garaşsyzlygyny yglan eden Gazagystanda, 1997-nji ýylda ýurduñ paýtagtyny Almatydan ýurduñ demirgazygyndaky Akmola şäherine göçürme karary kabul edildi.

Bu karary hökümet agzalary, deputatlar we intellektuallar berk tankyt etmelerine garamazdan, ýurduň şol wagtky prezidenti Nursultan Nazarbaýew tarapyndan tassyklandy.

Şeýlelik bilen, gyşlary aýazly we ösmedik sosial-ykdysady we infrastrukturasy bolan kiçijik şäher Akmola, Gazagystanyň paýtagty hökmünde täzeden gurlup başlandy.

1998-nji ýylda bolsa şäheriñ ady gazak dilinde “paýtagt” manysyny añladýan “Astana” hökmünde üýtgedildi.

Şäheriň gurluşygyna Norman Foster we Kişo Kurokawa ýaly dünýä belli arhitektorlar gatnaşdy.

Şäheriň ilaty ilki 300 müňdi wagtyñ geçmegi bilen 1,2 milliona ýetdi.

23 ýyl mundan ozal gurluşygyna başlanan paýtagt diňe bir ýurduň syýasy, ykdysady we syýahatçylyk merkezine däl, eýsem milli markasyna öwrüldi.

Nursultan Nazarbaýewiñ 2019-njy ýylyň 19-njy martynda prezidentlik wezipesinden çekilenden soň, ýurduň prezidenti Kasym Žomart Tokaýewiň teklibi boýunça Astananyň ady ýurduň parlamenti tarapyndan “Nursoltan” diýip üýtgedildi.

Habarlar