gazagystany-prezidenti-toka-ew-urtda-bas-ber-n-wakalar-barasynda-halka-uzle

Gazagystanyñ prezidenti Tokaýew, ýurtda baş berýän wakalar barasynda halka ýüzlenip çykyş etdi

Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew döwlet teleýaýlymynda halka ýüzlenip eden çykyşynda: “Nähili ýagdaý bolsa bolsun men paýtagtda galaryn. Halkyň ýanynda durmak meniň konstitusion borjum. Gazagystanyň taryhyndaky bu gara tegmili bilelikde ýeňip geçeris. Biz bu ýagdaýdan has güýçli çykarys "-diýdi.

05 Ocak 2022 19:24

Prezident Tokaýew döwlet teleýaýlymynda halka ýüzlenip eden çykyşynda protest ýörişlerde demonstrantlaryň howpsuzlyk güýçlerine giň gerimde hüjüm edendigini we howpsuzlyk güýçleri arasynda ölen we ýaralananlaryñ bolandygyny habar berdi.  Prezident Tokaýew demonstrantlaryň huliganlardan ybarat bolandygyny nygtap olaryñ esgerleri ýenjendiklerini, gynaýandyklaryny, aýallara azar berýändigini we dükanlary talandygyny habar berdi.

Prezident Tokaýew bu ýagdaýyñ Almaty şäheriniň ilatynyň howpsuzlygyna wehm salýandygyny belläp, Almaty ýaly käbir şäherlerde-de şular ýaly ýagdaýyň dowam edýändigini we muňa çydap bilmejekdiklerini aýtdy. Bu sedäpdenem adatdan daşary ýagdaý dolanyşygyny yglan edendiklerini ýatladan prezident Tokaýew: “Bu hökmany ätiýaçlyk. Prezident hökmünde raýatlaryň howpsuzlygyny we asudalygyny, ýurduň bitewiligini üpjün etmeli. " -diýdi.

Habarlar