gazagystany-sa-rak-bilbili-kul-as-ba-seitowa

Gazagystanyñ saýrak bilbili: Kulýaş Baýseitowa

Gazak operasynyň saýrak bilbillerinden biri bolan Baýseitowa 1912-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda dünýä indi.

11 Haziran 2022 20:53

Baýseitowa 1925-1928-nji ýyllar aralygynda Alma-Ata pedagogiki tehniki mekdebinde bilim alýar we şol ýyllarda aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanmaga başlaýar.

1928-nji ýýlda Gazagystanyñ drama teatryñ Gyzyl Ordadan täze paýtagt Almaty şäherine göçürülmegi bilen Baýseitowa  bu şäherde işlemäge başlaýar.

Şol döwürde teatr gijeleri diýlip atlandyrylýan spektakllaryň birinji bölümi oýunlardan, ikinji bölümi bolsa teatr sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdymlaryndan ybaratdy.

1934-nji ýyldan başlap Baýseitowa, şugünki gün Abaý Döwlet akademiki opera we balet teatry bolan Gazagystanyň aýdym-saz teatrynda solist bolup işlemäge başlaýar.

Ol, esasanam uruş ýyllarynda esgerleriň söweş ruhuny ýokarlandyrmak we olaryñ ruhyny götermek üçin üçin frontda aýdym aýdýardy.

Gazak opera sungatyny esaslandyryjylaryň biri hasaplanýan Baýseitowa Gazagystanyň teatr birleşiginiň guramaçysy we hemişelik başlygy boldy.

Şeýle-de ol, II Bütindünýä parahatçylygy goldaýanlar kongresiniň işine gatnaşdy.

Gazagystanyň SSR-nyň ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary bolup işlän Kulyaş Baýseitowanyň ady, Gazagystanyň milli opera we balet teatryna we Almaty we Nur-Soltanyň köçelerine berildi.

Kulýaş Baýseitowa, Sowýet soýuzy döwründe köp sanda baýraga, medala we şana mynasyp boldy.

Habarlar