gazak-halky-konstitutsi-any-t-ze-tekstine-kabul-etdi

Gazak Halky Konstitutsiýanyň Täze Tekstine Kabul Etdi

Gazagystanda konstitutsiýanyň üçünden biriniň üýtgedilmegi üçin geçirilen referendumda alynky netijelere görä “kabul” netijesi çykdy.

06 Haziran 2022 10:55

Gazagystanyň Merkezi Saýlaw Topary düýn ýurtda geçirilen konstitutsiýa referendumynyň alynky netijelerini yglan etdi.

Şuňa laýyklykda 19 million ilatly ýurtda 11,7 million bellige alynan saýlawçynyň 8 milliona barabary düýn “Gazagystan Respublikasynyň konstitutsiýana giriziljek üýtgetmeleri we goşmaçalary kabul edýäňizmi” diýlen soraga jogap bermek üçin ses berdi.

Saýlawa gatnaşan saýlawçylaryň 77,18 göterimi “kabul” sesini beren bolsa, 18,66 göterimi “garşy” ses berdi.

Referendumda “kabul” netijesi çykan halatynda, soňky gezek 1995-nji ýylda kabul edilen konstitutsiýanyň 33 maddasynyň üýtgedilmegi we şonuň netijesinde ýanwar aýynyň başynda başdan geçirilen köpçülikleýin wakalardan soň ýurtda dolanşyk ulgamynyň gaýtadan gurulmagynyň maksat edinilýändigi beýan edilipdi.

Täze konstitusiýa taslamasynda;

- "Gazagystanyň topragy we ýerasty tebigy baýlyklary döwlete degişlidir" maddasy "Gazagystanyň topragy we ýerasty tebigy baýlyklary halka degişlidir" diýlip üýtgediler.

- Ölüm jezasy doly ýatyrylar.

- Gazagystanyň prezidenti wezipesinde galýança, syýasy partiýanyň agzasy bolup bilmez. Bu madda, Konstitusiýa Geňeşiniň, Ýokary Kazyýetiň, Merkezi saýlaw komissiýasynyň, Hasap kazyýetiniň ýolbaşçylaryna we agzalaryna, kazylara, hukuk goraýjy edaralara, milli howpsuzlyk güýçlerine we harby işgärlere hem degişlidir.

- Prezidentiň ýakyn garyndaşlaryna döwletde ýokary wezipelerde işlemegi we jemgyýetçilik kompaniýalaryny dolandyrmagy gadagan bolar.

- Gazagystanyň Konstitusiýa Geňeşi konstitusiýa kazyýeti hökmünde gaýtadan dörediler. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda açylmagy meýilleşdirilýän Konstitusiýa kazyýeti 11 kazydan ybarat bolar we agzalar 6 ýyl möhlet bilen saýlanar.

-Parlamentyñ ygtyýarlary köpeler. Prezident dolandyryş ulgamy bes ediler.

-Prezident tarapyndan ýokarky palatanyň senatyna bellenen deputatlaryň sany 15-den 10-a çenli azaldar. Mejlisiň aşaky palatasyndaky deputatlaryň sany 107-den 98-e çenli azalar.

-Diňe parlamentiň aşaky palatasy kanunlary kabul edip biler.

- Mejlisiň döwlet býudžetini sorag etmek wezipesi köpeler.

- Gazagystanyň adam hukuklary ombudsmeni baradaky madda hem goşular. Şeýlelik bilen, ombudsmeniň edarasy garaşsyz bolar we möhletiniň dowamynda senatyň razylygy bolmazdan tussag edilip bilinmez.

- Ýurduñ 1-nji prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň konstitusion statusyny öz içine alýan Birinji Prezident baradaky kanun hem ýatyrylar.

 

Habarlar