gazak-halkyny-dasky-gursaw-bilen-gatnasygy-bolan-halk-tanslary

Gazak halkynyñ daşky gurşaw bilen gatnaşygy bolan halk tanslary

Asyrlar boýy giň sährada ýaşap geçen gazak halkynyñ tebigat we şuňa meňzeş däp-dessurlar bilen gatnaşygy bolan halk tanslary sahnalaşdyrylýar.

06 Mayıs 2022 21:33

Gazak halk tanslary, manyly koreografiýa, täsirli aýdym-sazy we reňkli egin-eşikleri bilen sahna sungatynyň möhüm bölegi bolmagyny dowam etdirýär.

Gazak halk tanslary adamyň tebigat bilen gatnaşygyny we şoňa laýyklykda halkyň gündelik durmuşynyñ däp-dessurlaryny görkezýär.

70-nji ýaş toýuny belleýän Gazak halk tanslarynyñ görnükli şahsyýeti ussat Prof. Dr. Toýgan Izim 27 ýyllyk tejribesini paýtagt Nursoltandaky Milli Koreografiýa Akademiýada bilim alýan ýaşlar bilen paýlaşýar.

Izim şol bir wagtyñ özünde Akademiýanyñ üçegi astynda döredilen Gazak halk tanslary bilim merkezinde ylmy işler ýöredýär.

Gadymy Gazak halk tanslary barasynda ylmy işler ýöredýän Prof. Dr Toýgan Izim, Gazak halk oýunlarynyñ bir bilim pudagy hökmünde kabul edilmegi üçin uly tagalla edendigini belläp: “Esasanam akademiýada halk oýunlary bölümünde bilim alýan ýaşlarymyz üçin Gazak dilinde kitaplar taýarlaýarys. Ýurduñ çar künjegine gidip ol ýerde ýaşaýan ene-mamalarymyz, ata-babalarymyzdan ýatdan çykarylan käbir halk tans oýunlarynyñ hereketlerini ýazga alýarys. Häzirki wagtda biz Gazak halk oýunlarynyñ “pasportyny” ösgerdýäris”-diýdi.

Halkyñ nesilden nesle ýetip gelen erteki we rowaýatlaryñ halk tanslarynda gürrüñ edilýändigine ünsi çeken Izim,: “ asyrlar boyu çarwa pelsepesi bilen ýaşap geçen halkyñ urp-adatlaryñ halk tanslarynda hem görip bolýar. Mysal üçin halk tanslary ozallar düýe we at üstünde bürgütler bilen sergilenýärdi.”diýdi.

Toýgan Izım, Gazak halk tanslarynyñ ilkinji gezek Şara Žienkulowa tarapyndan 1934-nji ýylda ussatlyk bilen sahnalaşdyrylandygyny nygtap, "Gazak halk tanslarynyň 50-ä golaý görnüşi bar. Olardan 10-sy gadymy tans görnüşleri hökmünde tanalýar" -diýdi.

Gazak halk tanslarynyñ manysyna görä ýekelikde, toparlaýyn we jübit görnüşde oýnalýandygyny belläp geçen Izim: “ Merkezi Aziýada zenan we erkegiñ jübit oýny diñe Gazak halk tanslarynda bar. Biz bu oýna “ Kelinşek” ( gelin oýny) diýýäris”-diýdi.

“Gazak halk tanslarynda el hereketi örän möhim”

15 ýyldan bäri gazak halk tans toparlarynda orun alýan Indira Gabdrahmanowa “ Gazak halk tanslarynda el hereketi örän möhim. Esasanam gyzlaryñ elleri sada bolmaly we bilekleri elmydama hereketli bolmaly. Mundan başga-da, ýüz keşbi, goluň we aýagyň sazlaşygy ýaly möhümdir "-diýdi.

Indira Gabdrahmanowa, çarwa durmuşy ýaşap geçen Gazak halky üçin tebigat bilen gatnaşygyñ möhim bolandygyna ünsi çekip: “Her hereketiñ belli bir ady we manysy bar. Olar köp halatda tebigaty, guşy we haýwany wekilçilik edýär. Mysal üçin, Gazak halk oýunlarynda köp ulanylýan hereket “tolkun”. Bu hereker suwuñ ýüzünde dörän tolkuny añladýar”-diýdi.

Habarlar