gazak-halkyny-guda-bukjasy-d-bi

Gazak halkynyñ “Guda bukjasy” däbi

“Kyt” diýilýän bukja, köne Gazak däbi

08 Temmuz 2022 23:25

Nika we toý dabaralar ähli ýurtlarda we medeniýetlerde aýratyn ähmiýete eýe.

Gazak halky üçin hem toý beýleki dabaralaryñ hemmesinden üstün.

Toý däbi diňe iki ýaş juwanyñ nikasy bolman, eýsem iki maşgalanyň birleşmegini belleýän özboluşly baýramçylykdyr.

Bu sebäpdenem Gazaklar taryhda gudalaryny gutlamak, sowgatlar bilen begendirmek ýaly dowam edip gelýän däbe uly ähmiýet berýärler we goraýarlar.

Gazak halky muña “Gudalaryñ nyşany-kyt” diýýärler.

Gazak halky üçin toý bukjasyny taýatlamak gudalaryñ iñ gymmatly nyşanalaryndan biridir.

Guda bukjalary “ baş kyt” we “ aýak kyt” diýip ikä bölünýär.

Maşgalanyñ ýaşuly gudalaryna “ baş kyt”, galanlaryna bolsa “ aýak kyt” bukjasy berilýär.

Bukjalar  gudalaryñ ýaşyna we hormatyna görä taýarlanýar. Egin eşikler, şaý-sepler, gymmatly matalar bu bukjalaryñ içinde orun alýar. Maşgalanyñ hemme agzasyna sowgat berilýär.

Şeýlelik bilen maşgalalar diñe gelin we ýigide däl eýsem iki maşgala bilelikde has uly maşgala bolmagyñ begenjini belleýärler.

Habarlar