gazak-s-hralaryny-saz-guraly-etigen

Gazak sähralarynyň saz guraly: Žetigen

Gazaklarda köp tarly saz guraly žetigene, saprasy belentdir. Şol tarlardan çykýan owaz adamy gynandyryp, begendirip hem-de buýsandyryp bilýär.

18 Mart 2022 20:52

Bilinýän iñ gadymy žetigen, bir bölek agajyñ içi oýulyp gönüburçly guty görnüşinde bolupdyr.

Soň bolsa bu saz guralyñ ýokarky bölegi agaç göwre bilen örtüldi. Adaty žetigen saz guralyñ ýedi tary bar bolsa, döwrebaplaşdyrylan žetigeniñ 15 tary bar.

Her iki tarapdan her bir taryñ aşagyna aşyk goýulýar. Zamanamyzda tar inçe symdan ýasalýar gadymy döwürlerde bolsa tarlar atyñ guýrugyndan ýasalýardy.  Saz guralyñ owazy bolsa bu aşyklaryñ hereket etdirilmegine we çalan adamyñ ussatlygyna bagly.

Häzirki wagtda Gazak milli aýdym-saz sungatynyñ başda durmagynda köp aýdym-saz sungatynda orun alýan žetigen saz guraly, tarlarynyñ sanynyñ 15-e ýetirilmegi bilen has giñ ses araçägine eýe boldy.

Skripka ýaly  ýumşak äheňli bu saz guraly, diňleýjileriň aňynda öz ornuny tutýar.

Habarlar