gazak-taryhynda-tigirli-otag

Gazak taryhynda tigirli otag

Hereket etme ukybyna eýe bolan tigirli otag, çarwa durmuşda möhüm orny eýeleýär.

13 Ağustos 2021 20:28

Otag, çarwa durmuşyny ýaşaýan türk taýpalaryñ iň esasy nyşanlaryndan biridir.

Zamanamyzda çarwa durmuşyň nyşanasy hökmünde kabul edilýän otag, Gazak halky üçin aýratyn orny eýeleýär.

XVIII asryñ başy Gazak taýpalary üçin öwrülişik döwri boldy; bu topraklarda bir merkezi güýjüñ bolmaýşy, içerki çaknyşyklar güýçli ýaran gözlegini başlatdy. Bu ýagdaý göç ýollaryň we adaty çarwa durmuşda otaglaryň üýtmegine sebäp boldy. Giñ otaglaryñ ýerini tigirli otaglar aldy. Bu otaglar esasanam garaşylmadyk bir düşman hüjmünden gaçma we hereket etme mümkünçiligini berdi.

Şuňa meňzeş ýagdaý Sakalar, Hunlar we Mongollarda-da başdan geçirildi. Çingiz hanyñ otagyny has çalt hereket etmegi üçin tigirleriñ üstünde gurdurandygy barasynda taryhy ýazgylar bar.

Otagyñ görnüşiniñ üýtgemegi uly sähradaky syýasy çöküşiñ bir alamatydy. Güýçli, köp milletli döwletleriñ dargamagynda uly täsiri boldy.

Ýewropaly we Musulman taryhçylar tigirli otaglaryñ taryhda giňden ulanylandygyny tassyklaýarlar.

Habarlar