gazaklary-bir-to-d-bi-betasar

Gazaklaryñ bir toý däbi: Betaşar

Betaşar arassalygyñ we asyllylygyň nyşanasy bolup Gazaklarda çarwa durmuşdan bäri dowam edip gelýän däplerden biridir.

30 Aralık 2021 18:45

Betaşar däbi toý güni amala aşyrylýar we öýlenjek ýigidiñ öýünde myhmanlara gelniň ýüzi görkezilýär.

Gelin ilki aýratyn bir otagda ýüzüni doly ýapylyp hiçkime görkezilenok. Toýa gelen myhmanlar ýygnanyşandan soñ geliniñ ýeññeleri “ ýar ýar” aýdymyny ýerine ýetirip geliniñ başyna “şöküle” ( Gazaklaryñ milli zenan başgaby) dakyp ýüzüni perde bilen örtip we myhmanlaryñ huzuruna çykarýarlar.

Betaşar däbi üçin ýörite  bagşy çagyrylýar. Bagşy, gelin, ýigit we toýuñ eýeleri barasynda aýdymlar aýdar. Aýdymlary ýerine ýetirýärkä oña “körimdik” ( sowgat) berilýär. Soñ gelin başyny egip hemmelere salam berýär. Bu däbe gazaklar “ salem salu” diýýärler. Bagşy aýdymlaryny ýerine ýetirenden soñ dombra saz guralynyñ ujy bilen geliniñ perdesini galdyrýar. Geliniñ gaýynenesi geliniñ aýagyna we myhmanlara pul we süýjüler saçýar. Gelin we ýigidiñ ýoluna ak haly serilýär. Gazak halky muña “ Ak ýol” diýärler. “ Ak ýol”, täze guruljak durmuş toýunyñ päk, tämiz, bagtly we abadançylykda başlap sbaky dowam etmegi manysyny añladýar.

Betaşar däbi, Gazagystanyñ tapawutly sebitlerinde az owlak üýtgeşiklikler bilen dowam edýär. Meselem Gazagystanyñ günorta sebitlerinde geliniñ ak perdesiniñ ujuna daş baglanýar. Muña “oktaý” diýilýär we geliniñ her salam bereninde has aşak egilmegini üpjün edýär.

Betaşar däbi ýerine ýetirilenden soñ myhmanlar toý suprasyna çagyryşýar we toý dabarasy aýdym-sazlar, oýunlar bilen dowam edýär.

Habarlar