gazi-husrew-beg-medrese-we-kitaphana-485-yllygyny-belle-r

Gazi Hüsrew Beg Medrese we Kitaphana 485 ýyllygyny belleýär

Osman soltanlaryndan Soltan II Baýezidiň agtygy Gazi Husrew Beg tarapyndan Bosniýa we Gersegowinanyň paýtagty Saraýewoda gurlan Gazi Husrew Beý Medrese we kitaphanasy 485 ýyllygyny belleýär.

07 Ocak 2022 22:23

1537-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Hüsrew Beg tarapyndan esaslandyrylan medrese, uruşlara we başdan geçiren ähli kynçylyklara garamazdan Bosniýa we Gersegowinanyň iň abraýly orta mekdepleriniň biri hökmünde henizem  iş alyp barýar.

Bosniýa we Gersegowinanyň iň köne bilim ojagy bolan Medrese orta mekdep diplomynyň deňligine eýe. Gazi Hüsrew Beg Medresede dini derslerden başga-da esasy bilimleriñ sapaklary berilýär. Medrese okuwçylara berýän ýokary hilli bilimi bilen ýurduñ abraýly mekdeplerinden biri.

Gazi Hüsrew Beg Medresesinden uçurym bolan tanymal şahsyýetleriñ hatarynda Gurhany terjime eden Besim Korkut we “1001 Gije ertekiler” kitabyny Arapçadan terjime eden Esad Durakowiç orun alýar.

Habarlar