gda-gatnasyjy-dowletleri-bastutanlaryny-resmi-d-l-sammiti

GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti

GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň “Covid-19 netijelerine garşy göreş” güntertibi bilen resmi däl sammiti geçirildi.

29 Aralık 2021 10:21

Russiýanyñ Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen sammite Russiýa Federasiýasynyñ prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyñ prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew, Gazagystan Respublikasynyñ 1-nji prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyñ prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasyñ prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistanyñ premýer ministri Nikol Paşinýan gatnaşdy.

Türkmen döwletiniň Lideri sammitde çykyş edip, "Dialog - parahatçylygyň kepili" diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesini döretmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.

COVID-19 netijelerine garşy göreşi dowam etmegiň zerurlygyny nygtamak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli we çalt depginde dikeldilmeginiň, ulag gatnaşyklarynda çäklendirmeleriň aradan aýrylmagynyň derwaýys ähmiýetini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, pandemiýa we onuň netijelerine garşy göreşmekde toplanan milli hem-de halkara tejribesi bu işiň üstünlikli netijesine umyt baglamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda medeni we ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň orun tutmalydygyny hem nygtady.

Habarlar