gecmisi-sohratyny-geljege-dasa-an-butindun-carwa-o-unlary

Geçmişiň şöhratyny geljege daşaýan Bütindünýä çarwa oýunlary

Bütindünýä çarwa oýunlary Türk dünýäsiniñ umumy mirasydyr.

08 Ekim 2021 21:30

Bütindünýä çarwa oýunlary 2021-nji ýýlda Gyrgyzystanyñ paýtagty Bişkekde geçirilen Türki Geñeşiñ 2-nji sammitde Gyrgyzystanyñ teklibi bilen döwlet ýolbaşçylary tarapyndan durmuşa geçirildi.

Bütindünýä çarwa oýunlary diñe türkleriñ däl dünýäniñ ähli çarwa halklarynyñ ruhy  aňyny we taryhy ýadyny janlandyrmagy maksat edinýär.

Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň esasy hemaýatkärli bolan bu çäre üç gezek Gyrgyzystanda geçirildi.

Köne çarwa medeniýetini we ýaşaýyş durmuşyny gorap saklamak we ata-baba sportuny dowam etdirmek maksady bilen amala aşyrylan Bütindünýä çarwa oýunlarynyň ilkinjisi 2014-nji ýylyň 9-14-nji sentýabrynda Yssyk kölde geçirildi.

Dünýäniň 19 ýurdundan gelen türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen bu oýunlaryň netijesinde dünýäniň ähli halklary çarwa medeniýetiñ beýikligi bilen tanyşdylar.

Bütindünýä çarwa oýunlarynyň 2-njisi Gyrgyzystanyň Yssyk köl sebitindäki Kyrçyn ýaýlasynda geçirildi.

53 ýurtdan gelen türgenler 2016-njy ýylyň 3-8-nji sentýabr aralygynda "Güýç birligi, ruh birligi" şygary bilen geçirilen halkara çärä gatnaşdy.

3-nji Bütindünýä çarwa oýunlary, 2018-nji ýylda Gyrgyzystanyň hökümeti tarapyndan Yssyk köl welaýatynda gurnaldy. Bu gezek 82 ýurtdan 2000-e golaý türgen 37 sport pudagyna gatnaşdy.

2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Türk Geňeşiniň altynjy sammitinde döwlet baştutanlary 2020-nji ýylda Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryny guramak kararyny kabul etdi. Ýöne koronawirus epidemiýasy sebäpli IV bütindünýä çarwa oýunlary 2021-nji ýyla yza süýşürüldi.

IV Bütindünýä çarwa oýunlary 2021-nji ýylda Türkiýäniñ Iznik şäherinde gurnalar.

Habarlar