gokdepe-milli-muze-i

“Gökdepe” milli müzeýi

Muzeýiň ajaýyp binasy Gökdepe metjidi, sadaka berilýän bina bilen sazlaşyp, bir bitewi toplumy emele getirýär.

15 Nisan 2022 12:11

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky “Gökdepe” milli muzeýi Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylyň 9-njy maýynda gol çeken kararyna laýyklykda döredilýär.

Muzeýiň binasy 2 gatdan ybarat bolup, onuň 1-nji gatynda türkmenleriň durmuşy, etnografiýasy, Türkmenistanyň taryhy, Gökdepe söweşi bilen baglanyşykly fotosuratlar, milli aýratynlyklary beýan edýän gymmatlyklar, şol döwürde geýlen egin-eşikler, türkmeniň ak öýi, zergärçilik, külalçylyk sungatyna degişli esbaplar görkezilýär. Bulardan başga-da, bu gatda mejlisler zaly hem-de muzeý gymmatlyklaryny saklamak üçin ýörite gaznahanalar bar.

Muzeýiň 2-nji gatynda halk gahrymanlarynyň suratlary, taryhy tapyndylar, etnografiýa gymmatlyklary, arhiw resminamalary, fotosuratlar sergilenýär.

Muzeýde 1500-den gowrak muzeý gymmatlygy saklanylýar, muzeýiň sergi-ekspozisiýa meýdany 2011 inedördül metre deňdir. “Gökdepe” milli muzeýi ýerli sebitde taryhy we medeni ýadygärlikleriň hasabatyny ýöretmek, olary gorap saklamak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşýar. Gökdepe söweşi baradaky taryhy-medeni gymmatlyklary doly toplamak, olary ylmy taýdan öwrenmek boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin hünärmenleriň işini guramak, bu işleri muzeý ekspozisiýasynyň üsti bilen ilata wagyz etmek boýunça zerur işleri yzygiderli alyp barýar.

Muzeý şeýle-de ylmy-barlag, ylmy aň-bilim, ylmy-usulyýet işlerini geçirýär, ylmy makalalary çap etmek, sowgatlyk önümleri taýýarlamak we ýerlemek, işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça bellenen çäreleri amala aşyrmagy guraýar. Dünýäniň muzeýleri bilen bellenen tertipde halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, türkmen halkynyň baý mirasyny dünýä ýaýmak babatda guramaçylyk-usuly işleri durmuşa geçirýär. 

Muzeý Gökdepe urşy baradaky taryhy, medeni gymmatlyklary, tapyndylary, surat eserlerini, fotosuratlary, arhiw resminamalaryny, arheologiki tapyndylary, etnografiki gymmatlyklary, şaý-sepleri, ýaraglary we beýleki medeni-taryhy gymmatlyklary doly toplaýar we olary ylmy taýdan öwrenmek hem-de muzeý ekspozisiýasynyň üsti bilen sergileýär.

Habarlar