gorkuni-osman-imperi-asyndan-alan-bo-abat-galasy

Görküni Osman Imperiýasyndan alan Boýabat galasy

Türkiýäniñ Sinop welaýatynda orun alýan Boýabat galasy, Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan taýarlanan hasabatda iñ owadan taryhy galalar sanawynda 5-nji hatarda orun alýar. Köp sanda medeniýete yer eýeçiligi eden gala görki bilen görenleri özüne bendi edýär.

01 Mayıs 2022 21:26

Türkiýäniñ Sinop welaýatynyñ Boýabat etrabyndaky Göryrmak jülgesiniñ dik iki depäsiniñ biriniñ üstünde gurlan Boýabat gala, gaýalaryñ tebigy gurluşynyna görä guruldy.

Galanyñ haçan gurulandygy anyk bilinenok. Içinde Rim we Wizantiýa döwrüne mahsus aýratynlyklaryñ bolan gala Osman Imperiýasy döwründe abatlanyp zamanamyza gelip ýetdi.

Iñ owadan galalaryñ arasynda orun alýar

Boýabat galasynyñ düýbüniñ 3 müñ ýyl ozal tutulandygy çaklanýar. Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan 2018-nji ýylda çap edilen hasabatda Türkiýäniñ iñ owadan 13 galasynyñ arasynda 5-nji hatarda orun alýar.

Sinop welaýat medeniýet we syýahatçylyk boýunça edaranyñ müdüriniñ wekili Metin Süren, amala aşyryljak çäreler bilen Boýabat galanyñ welaýatyñ syýahatçylyk merkezlerinden biri boljakdygyny aýtdy.

Habarlar