gorkut-ata-heka-alaryny-t-ze-nusgasy-gun-uzune-cykaryldy

Gorkut ata hekaýalarynyñ täze nusgasy gün ýüzüne çykaryldy

Gadymy türk medeniýetiniñ genji hazynalaryndan biri boaln Gorkut ata hekaýalarynyñ täze nusgasy gün ýüzüne çykaryldy. Bursa nusgasy diýlip atlandyrylýan eseriň gün ýüzüne çykarylmagy edebiýat dünýäsinde uly tolgunma döretdi.

13 Mayıs 2022 15:42

Oguzlaryň gündelik ýaşaýyş durmuşy, maşgala we ahlagy, ynançlary, durmuş ýörelgesi, egin-eşikleri we däp-dessurlary barada möhüm maglumatlary özünde jemleýän Gorkut Ata hekaýalary türk diliniň we edebiýatynyň iň esasy eserleriniň biridir.

Gorkut ata hekaýalary; Yslam dini bilen tanyşan Oguz taýpalarynyň hekaýalaryny gün ýüzüne çykardy.

Gorkut ata hekaýalarynyñ täze nusgasy gün ýüzüne çykaryldy

Gorkut ata hekaýalarynyñ dört nusgasynyñ bardygy kabul edilýärdi. Olar, “Dresden”, “Watikan”, “Türk Taryh Guramasy” we “Günbed-Kawus” nusgalary.

Gorkut ata hekaýalarynyñ  “Busra nusgasy” diýip atlandyrylan täze bir nusgasynyñ gün ýüzüne çykarylandygy mälim edildi.

Gorkut ata hekaýalarynyñ bu täze nusgasy, Bursaly antikwar tarapyndan 2018-nji ýylyñ soñlarynda müzeýe tabşyrylýar we 2019-njy ýylda muzeýde sergilenip başlanýar. Hekaýalaryñ bu täze nusgasynyñ haçan ýazylandygy anyk bilinenok.

Prof. Dr. Ersen Ersoý “ Bursa” nusganyñ takmynan XVI asyrda ýazga geçirilendigini çaklaýar.

Ersin Ersoý, Gorkut Ata hekaýalarynyñ “Dresden” nusgasyndaky ýaly Gorkut Ata hekaýalarynyň “Bursa” nusgasynda on iki taýpanyň bardygyny we başlangyç bölüminiň bir böleginiň Bursa nusgasynda ýokdugyny aýtdy.

"Bursa” we “Dresden” nusgalarynyň köp meňzeşligi bar bolsa-da, olar birmeňzeş däl.

“Gorkut ata” hekaýalary örän gadymy eserdir. Onda ata-babalarymyzyň ýaş nesle edep-terbiýe berşiniň edebi ýazgysy berilýär. Nesilme-nesil gelýän bu ýazgylar häzirki wagtda-da çuhhur many-mazmuna eýeligi bilen terbiýe işinde gerekli edebi hazynadyr.

Gorkut ata hekaýalarynda şygyrlar diňe bir derde derman tapmak üçin däl, eýsem şatlykly habarlary paýlaşmak, buşlamak, buşluk sözleri üçin hem ulanylypdyr.

“Gorkut Ata” hekaýalarynda Oguz türkleriñ ýaşaýyş durmuşy, ykdysady durmuşy, ynançlary, geýimleri, ýaşaýan ýerleri  ýaly köp mowzukda maglumat berilýär.

Prof. Dr. Fuat Köprülüniň aýdan bir sözi bardyr: “ Bütin Türk edebiýatyny tereziniň bir tarapyna, Gorkut Atany beýleki tarapyna goýsanyz ýene Gorkut Ata agyr geler.” Türk edebiýaty we dili üçin möhüm ýeri bolan Gorkut Ata hekaýalary, Oguzlaryň hekaýasyny düşündiren geçiş döwri eserdir.

Türk diliniň iñ naýbaşy eserlerinden biri diýlip kabul edilýär we ýarysy goşgy, ýarysy kyssa görnüşünde ýazylan hekaýalar milli dessan häsiýetindedir.

Bir sözbaşy bilen başlaýan Gorkut Ata hekaýalary, biri-birinden aýry emma ýakyn mahaly bütinligi içine alýan bölümlerden ybaratdyr.

Gorkut Ata kimdir?

Gorkut ata, dünýä belli bolan ähli bagşylaryñ atasydyr. Onuñ adatdan daşary hünärleri bolupdyr. Gopuz çalar, gaýduwsuzlyk, mertlik, edermenlik, hakyky söýgi we watançylyk hakda hekaýalar gürrüñ bererdi.

Gorkut atanyñ durmuşy barasynda taryhy çeşmelerde tapawutly maglumatlar bar. Käbir çeşmelerde oguzlaryň Kaýy taýpasyndan, käbirlerinde bolsa Baýat taýpasyndan bolandygy aýdylýar.

Azerbaýjan we Anadolyda Gorkut Atanyñ gubury bolandygyna ynanylýan kümmetler bar. Gyrgyz, Gazak, Karakalpak we Türkmenler tarapyndan zyýarat edilýän we Gorkut Atanyñ gubury diýip bilinýän aramgäh hem bar.

Gorkut ata hekaýalarynyñ mekany niresi?

Gorkut ata hekaýalarynyñ mekany Demirgazyk gündogar Anadoly we Azerbaýjandaky Oguz diýarydyr. Bu hekaýalaryñ XV asryñ ikinji ýarysynda ýazga geçirilendigi çaklanýar. Kitabyñ ýazylan ýeri bolsa Akgoýunlylar döwletiniñ höküm süren mekanlar ýagny häzirki wagtda Türkiýäniñ Kars we Erzurum welaýatlary bilen Azerbaýjan diýip kabul edilýär.

Habarlar