gorkut-ata-turk-dun-si-film-festiwaly-ba-raklary-e-elerine-gowsuryldy

“Gorkut Ata Türk Dünýäsi film festiwalyñ” baýraklary eýelerine gowşuryldy

Türkiýäniñ medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan gurnalan “Gorkut Ata Türk Dünýäsi film festiwalyñ baýrak gowşurylyş dabarasy Atatürk Medeniýet Merkezinde geçirildi.

13 Kasım 2021 14:00

Şu ýyl Stambul şäherinde iljinji gezek "Merhemetli ganatlar" şygary astynda geçirilen festiwalyň baýrak gowşurylyş dabarasyna Türk dünýäsinden we medeniýet we sungat jemgyýetinden köp sanda tanymal şahsyýetler gatnaşdy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý dabarada çykyş edip, Gorkut Ata Türk dünýäsi film festiwalyñ baýrak gowşurylyş dabarasynda  saýlama adamlary kabul etmekden örän bagtly bolandygyny  aýtdy.

Ministr Ersoý, Gorkut Ata Türk dünýäsi film festiwaly çäginde 42 sany çeper filmiñ kino-zallarda görkezilendigini çeper film we dokumental film kategoriýalarynda 17 eseriň  bäsleşendigini aýtdy.

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryñ medeniýet ministrleriñ hemişelik geňeşiniň 38-nji maslahatynda, Bursa şäheriñ 2022-nji ýylda Türk dünýäsiniñ medeni paýtagty bolup yglan edilendigine ünsi çeken ministr Ersoý: “Gorkut Ata Türk dünýäsi film festiwalyñ ikinjisini Bursa şäherinde geçireris”-diýdi.

Ministr Ersoý, festiwalyň 2023-nji ýylda Azerbaýjanyñ Şuşa şäherinde, 2024-nji ýylda Gazagystanda, 2025-nji ýylda Özbegistanda we 2026-njy ýylda Gyrgyzystanda geçiriljekdigini habar berdi.

Baýraklar

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda Halkara Kino Assosiasiýasy, Türk Geňeşi, TÜRKSOÝ, TRT, Stambul uniwersiteti, şeýle hem köp sanly edara we guramanyň hyzmatdaşlygynda geçirilen festiwalyň "Türk dünýäsine goşant baýraklary" , medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý tarapyndan Bakuw metbugat merkeziniň adyna Arzu Aliýewa gowşuryldy.

“Türk dünýäsine goşant baýraklaryna  Özbegistanyñ kino agentligi, Gazagystan kino studiýasy, Gyrgyzystanyň kino studiýalary we Türkiýe radio-telewideniýe guramasy TRT mynasyp boldy. Baýraklary Engin Altan Düzýatan, Fahriýe Ewjen, Baryş Arduç we Almira Krikowa gowşurdy.

Türkiýe radio-telewideniýe guramasynyñ mynasyp bolan “ Türk dünýäsine goşant baýragyny” Gyrgyzystanyñ medeniýet, maglumat, sport we ýaşlyk ministri Azamat Jamankulow we Osbegistanly aktrisa Sitora Farmonowa TRT-niñ baş müdüri Zahid Sobaja gowşurdy.

Festiwalda şu ýyl wepa baýragyna Türk dünýäsiniñ umumy gymmatlyklaryndan biri bolan dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatow mynasyp boldy. Baýrak ýazyjyñ ogly Eldar we gyzy Şirin Aýtmatowa gowşuryldy.

Olga Radowa, Aýbek Weýsalogly Kopadze, Abdulhamir Awşar, Ryza Siýami we Neşe Sarysoý Karataýyñ emin agza bolan “ dokumental film bäsleşiginde 1-nji orna Eýrandan “ ekizler”, 2-nji orna Özbegistandan “ Halkyñ Edermenligi”, 3-nji orna Russiýadan “ Lingwist” atly dokumental filmler mynasyp boldy.

“Çeper film bäsleşiginiñ” baýraklary şu ýyl dört kategoriýada berildi.

Gulbara Tolomuşowa, Firdaws Abduhalikow, Şükrü Sim, Rafik Guliýew, Gulnara Abikeýewa we Mesut Uçakanyñ emin agzasy bolan çeper film bäsleşiginde;

 Iñ gowy çeper film baýragyna Azerbaýjandan “ Dargan ölümleriñ arasynda” atly çeper film, Iñ gowy režisýor baýragyna Gyrgyzystandan “ Şambala” çeper filmiñ režisýor we senaristi Artykpaý Suýundukow,

Iñ gowy senariýa baýragyna Türkiýeden “ Mawzer”,

 “Emin agzalaryñ baýragyna bolsa Özbegistandan “Höwes” çeper filmi mynasyp boldy.

Dabarada Türk dünýäsiniñ halk tanslary ýerine ýetirildi. Arslanbek Sultanbekow we  Murat Karahan konsert berdi.

Habarlar