gozelligi-osusleri-we-parahatcylygy-pa-tagty-asgabat

Gözelligiñ, ösüşleriñ we parahatçylygyñ paýtagty: Aşgabat

“Aziýanyň merjen şäheri” hasaplanýan Aşgabat şäheri, binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde düýpli özgertmelere eýe boldy.

17 Haziran 2022 15:15

Asman bilen bäsleşýän belent, ajaýyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ymaratlar baş şäheriñ görküni has-da artdyryp, türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeledi.

Ak mermerli binalar toplumy türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan «ak zat alnyňa ýagşy» diýen pähiminiň beýanyna öwrülip,  ýurduň dünýä ýüzündäki päk niýetlerden, hoşniýetli maksatlardan ugur alýan syýasatyny dabaralandyrýar.

Şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde sanly tehnologiýalaryñ işjeň ulanylmagy netijesinde başy gök direýän mermer binalarda öňdebaryjy milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň iň kämil tehnologiýalary işjeň ulanylýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ulanmaga berilýän täze desgalar nusgalyk häsiýete eýe bolup, halkyň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Baş şäher gözel künjekleri, suwçüwdürimli seýilgähleri, mermer binalary, täsin desgalary, ösen tehnologiýalara esaslanýan ýaşaýyş-jaý toplumlary bilen göreni haýran edýär.

Berkararlygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň, döredijiligiň, döwletliligiň, aýdym-sazyň, rowaçlyklaryň, ak arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäherine öwrülen türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy Aşgabat şäheri sözüň doly manysynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi.

Ýurtda gazanylýan beýik ösüşleriň görkezijisi, özgerişleriň kerwenbaşysy bolan ak mermerli Aşgabat şäheri bu gün, ýer ýüzüniň ylalaşdyryjy parahatlyk dörediji merkezine öwrüldi.

Soñky ýyllarda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Türkmenistanda, şeýle hem Aşgabat şäherinde giň gerim bilen gurulýan ak mermerli binalar hem-de desgalar türkmen halkynyň guwanjyna öwrülýär.

Ýurtda  “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ady älem içre aýdym bolup ýaňlanýan Aşgabat şäheri agzybirligiň, asudalygyň we baky abadançylygyň merkezidir. 

Habarlar