gundogar-edebi-atyny-be-ik-klassik-sahyry-alysir-nowa-y

Gündogar edebiýatynyň beýik klassik şahyry: Alyşir Nowaýy

Alyşir Nowaýy, Türki dünýäsi ony öz zamanasynyň uly döwlet işgäri, ökde dilçisi, tanymal sazandasy, meşhur suratkeş, zähmetkeş halkyň hemaýatçysy, ylma, medenýete, hormat goýujy hökmünde tanaýar.

26 Kasım 2021 19:13

Alyşir Nowaýy 1441-nji ýylda häzirki Owganystanyň Hyrat şäherinde eneden bolýar. Onuň kakasyna Kyýasetdin Kiçgene diýär ekenler. Ol Horasan şasy Ebulkasym Baburyň emeldarlarynyň biri bolupdyr. Alyşir eýýäm 4-5 ýaşlaryndaka oňa pars, türki dillerdäki eserleri okamagy öwredipdirler. Ol 6 ýaşdan başlap, Hüseýin Baýkara (Soltansöýün 1437-1505) bilen bir mekdepde okaýar. Ol Gündogar edebiýatynyň görnükli şahyrlarynyň eserlerini işdämenlik bilen okaýar. Mundan başgada, şol döwrüň güýçli sazandalaryndan sapak alýar. Nowaýynyň ilki gowy gören şahyry öz döwründe türki dilde eser ýazan meşhur şahyr Lutfy bolupdyr. Nowaýy türki dilde ýazan goşgularyny oňa okap berer eken. Şu zeýilli goşgularynda Alyşir “Nowaýy” (owazly) lakamyny ulanypdyr we soňra onuň ýörgünli ady Nowaýy bolup galypdyr.

Nowaýy 12-13 ýaşlaryndaka kakasy ýogalyp , şol döwrüň däbi boýunça patyşa Ebulkasymyň hyzmatynda bolmaga mejbur bolupdyr. Şol mahal Hüseýin Baýkara hem Ebulkasymyň gullugynda eken. 1456-njy ýylda Ebulkasym Nowaýyny hem-de Hüseýin Baýkarany Maşada alyp gidýär. Nowaýy bu ýerde okuwyny dowam etdirip, belli alymlar bilen tanyşýar. 1457-nji ýylda Ebulkasym Maşatda ýogalýar. Tagtdan hantama Hüseýin Baýkara Mara gaýdýar. Emma Nowaýy Maşatda galyp, okuwyny dowam etdirýär. Ol diňe edebiýat bilen meşgul bolman, matematika, filosofiýa, taryh ylymlaryna-da üns berip ugraýar. Nowaýy bu ýerde şol döwrüň görnükli şahyry hem-de alymy Abdyrahman Jamy (1414-1492) bilen tanyşýar. Onuň bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. 1464-nji ýylda Nowaýy Maşatdan Hyrada gaýdýar. 1469-njy ýylda Hüseýin Baýkara özüni Horasanyň şasy diýip yglan edýär we Nowaýyny özüne möhürdar edip alýar.

1483-1485-nji ýyllar aralygynda şahyryň iň göwrümli eserleriniň biri bolan “Perhat-Şirin” eserini öz içine alýan “Hamsany” (arap dilinden “hams”- bäş) ýazýar.

1487-nji ýylda bolsa Alyşir Astrabada häkim bolup bellenýär. Nowaýy bu ýerde türki dilde ýazan goşgularyny toplap, “Manylar hazynasy” ady bilen ýygyndy (diwan) döredýär.

Alyşir Nowaýy ýaşap geçen döwründe öz münkinçilikleri bilen 40 kerwansaraý, 17 metjid, 10 uly köşk, 9 hammam, 9 köpri we 20 howuz gurdurdy.

Nowaýy Astrabatdan Hyrada dolanyp gelenden soň, agyr kesele sezewar bolýar we 1501-nji ýylyň başlaryna dünýäden ötýär. Nowaýynyň gubury Hyrat şäherinde ýerleşýär.

Türkmenler arasynda Nowaýynyň eserleri, ol barada döredilen rowaýatlar we şorta sözler “Myraly we Soltansöýün” (1941) we “Myraly” (1948) atlary bilen ýörite kitapça görnüşinde çap edildi.

Alyşir Nowaýynyň döredijilik mirasy uly göwrümli we köpugurly: ol 30 sany uly eseri öz içine alýar — diwanlar, dessanlar, ylmy we filosofiki eserler. Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň musulman halklarynyň köpasyrly medeni däp-dessurlaryny ulanmak bilen, Nowaýy diýseň özboluşly eserleri döretdi. “Dindarlaryň gozgalaňy” (1483), “Leýli we Mežnun” (1484), “Şirin we Perhat” (1484), “Ýedi dünýä” (1484) we “Isgender galasy” atly bäş sany epiki dessany öz içine alýan “Hamsa” (Bäşlik), şahyryň döredijiliginiň ýokary derejesini eýeleýär. “

Nawaýynyň Çagataý türk dilinde we pars dilinde ýazan ýüzlerçe gazalyny öz içine alýan 30-dan gowrak eseri bilen “Nesaim-ül Mehabbe” we “Muhakemet-ül Lügateýn” ýaly sopuçylyk we ylym ugurlarynda ýazan eserleri bar.

Alyşir Nowaýy türk dilini ýokary sungat dili hökmünde gorap saklan, türk diline goşant goşan möhüm şahsyýetlerden biridir. Diňe Çagataý edebiýatynyň däl, eýsem tutuş Gündogar edebiýatynyň öňdebaryjy şahsyýetlerinden biridir.

Osmanly şahyrlary ony ussat hökmünde tanadylar we goşgularyna ýazdylar.

Alyşir Nowaýy diliň konstruktiw güýjüni ulanyp milli jebisligi döretmek ugrundaky tagallalaryny görkezýän eseri "Muhâkemetü'l-lugateyn"dir. Bu eserinde Nowaýy, türk diliniñ pars dilinden üstin bolandygyny görkezmäge tagalla edýär. Bu eseri bilen Nowaýy türk dilini edebi dil hökmünde ulanmayan pars dilinde ýazan şahyr, ýazyjylary ene dilinde ýazmaga çagyrýar.

Habarlar