gyrgyz-a-al-gyzlaryny-milli-basgaby-elecek

Gyrgyz aýal-gyzlarynyñ milli başgaby: “Eleçek”

Dünýeden ötenlere kepen, bäbeklere arlyk bolup ulanylýan Eleçek geljekki nesillere medeni miras hökmünde geçýär.

04 Ağustos 2021 02:37

Gyrgyz aýal-gyzlarynyñ milli başgaby “Eleçek”, zenanlaryñ maşgaladaky statusyny we haýsy taýpadan bolandygyny görkezýär.

Gadymy döwürlerde bir zenanyñ durmuşa çykyp çykmadygy başyna geýen eleçeginden añyp bolýardy. Ýaş gyzlar eleçegi toý güni geýerler we soñam hiç haçan çykarmazdylar. Dünýeden ötenlerinde bolsaeleçek merhumyñ kepeni hökmünde ulanylýardy.

Milli başgap eleçek dikilinde uzynlygy 15-30 metre çenli ýetýän inçe bir mata ulanylýar we şol mata uzynlygyndan ikä gatlanýar.

Baý aýallaryň kellesinde göterýän eleçeklerde ulanylan matanyñ uzynlygy 30-40 metre ýetip bilýär. Çarwa durmuşy ýaşap geçen gyrgyz halky üçin eleçegiñ uly gymmaty bardy. Göç edilen wagty dünýä inen bäbekler üçin eleçekden arlyklar dikilýärdi; dünýeden ötenler üçin bolsa kepen bolup ulanylan eleçek, ýaralananlar üçin bolsa bandaž hökmünde ulanylýardy.

Habarlar