gyrgyz-a-al-gyzlaryny-milli-basgaplary

Gyrgyz aýal-gyzlarynyñ milli başgaplary

Gyrgyz milli başgaplary halkyñ medeni gymmatlygyny, däp-dessurlaryny we statusyny görkezýar.

29 Nisan 2022 19:34

Gyrgyzystanda aýal-gyzlaryň başgaplary, fiziki goragdan başga-da halkyñ arasynda eýe bolan statusy kesgitlemek üçin ulanylýardy. Aýal-gyzlaryñ milli başgaplaryñ naýbaşylary: “ Takyýa”, “ Ükü topu”, “ Şökülö” we “ Eleçek”

Takyýa

Takyýa kiçi ýaşdaky gyz çagalaryñ geýýän başgaby. Esasan ak reňkde keçeden ýasalýar. Ak reňk arassalygy we bigünäligi aňladýar. Kiçijik gyz ulalansoň "Takyýa" gyrgyz nagyşlary bilen bezelýär.

Ükü Topu

Ükü topu, ýaş gyzlaryň geýýän başgaby. Başgapdaky baýguş ýelekleri,çaganyñ maşgalada näçinji çaga bolandygyny aňladýar Başgapdaky monjuklar çaganyñ atasynyñ maddy ýagdaýyny, başgabyñ beýikligi bolsa jemgyýetdäki ýagdaýyny görkezýär.

Şökülö

Şökülö, durmuşa çykjak gyzlaryň geýýän başgaby. Konus şekilli "Sökülö" ýigidiň maşgalasy tarapyndan dikilýär we adaglanan güni gyza berilýär. Başgapda ulanylan bezegler ýigigiñ maddy ýagdaýyny görkezýär.

Eleçek

Toý gününde ýaş gyzlar “Şökülü” başgabyny çykaryp “ Eleçek” başgaby geýýärler. Zenanlar “ Eleçegi” dünýeden ötýänçä geýýärdiler. Başgap, ýogalanynda merhumyñ kepeni hökmünde ulanylýardy.

“Eleçek” zenanlaryñ maşgaladaky statusyny we haýsy  taýpadan gelýändigini görkezýär.

Çarwa durmuşy ýaşan Gyrgyz halky üçin “ Eleçek” başgabyñ uly gymmaty bar. Göç edilýän döwürde dünýä inen bäbekler eleçekden goparylan ak mata bilen dolanýardy. Göç edilýän döwürde ýogalanlaryñ kepeni bolup ulanylan Eleçek, ýaralananda bolsa bandaž hökmünde ulanylýardy.

Habarlar