gyrgyz-edebi-atyny-mohum-sahsy-etlerinden-biri-omor-sultanow

Gyrgyz edebiýatynyň möhüm şahsyýetlerinden biri: Omor Sultanow

Omar Sultanow, 2015-nji ýylda Türki dünýäsinde ýylyñ edebiýat adamy bolup saýlandy.

08 Nisan 2022 21:21

Omor Sultanow, 1959-njy ýylda Gyrgyz döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini gutardy.

Gyrgyz Ýazyjylar Birleşiginiň başlygynyñ 2-nji kätibi, SSSR Ýazyjylar Birleşiginiň gözleg toparynyň agzasy we Alykul Osmonow Edebiýat Birleşiginiň müdiri bolup işledi.

Gyrgyzystan-Täjigistan Dostluk Jemgyýetiniň başlygy we Moskwa Halkara Ýazyjylar Bileleşiginiň egindeş başlygy bolup işledi.

2007-2009-njy ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyň Döwlet Ýazyjylar Bileleşiginiň başlygy wezipesini ýerine ýetirdi.

Döredijiligi

Omor Sultanowyñ ilkinji şygyr kitaby “Too Kündörü” (Dagdaky günler) ady bilen 1961-nji ýylda neşir edildi.

Şygyr kitaplary:

“Ýyldyzly gijeler”, “Otuzynjy stansiýa”, “Köz Irmem”, “Adalaryñ arasynda”, “Dünýä”, “ Ýadawlyk şygyrlary” we “ Geçelge” atly şygyr kitaplar

“ Ak ýol”, Gök Asman”, “ Uly derýa” atly hekaýa kitaplary

“Muhitke ýol” atly syýahat kitaby we “Adamyñ durmuşy” atly romany neşir edildi.

Omor Sultanowyñ eserleri köp sanda dillere terjime edildi. “Ak ýol” hekaýasy we şygyrlaryndan saýlamalar Türk diline terjime edilip çap edildi.

Omor Sultanow, Aleksandr Puşkin, Bertolt Brecht, Pablo Neruda, Wladimir Maýakowski, Nazym Hikmet, Rasul Gamzatow, Mihail Ýurýewiç Lermontow ýaly köp sanda şahyr we ýazyjyñ eserlerini gyrgyz diline terjime etdi.

Omor Sultanow 2015-nji ýylda Türki dünýäsinde ýylyñ edebiýat adamy bolup saýlandy we 80-nji ýaş toýy Ankara şäherinde bellendi.

Gyrgyz edebiýatynyñ beýik şahsyýetlerinden biri bolan Omor Sultanow 2022-nji ýylyñ 3-nji aprelinde dünýeden ötdi.

Habarlar