gyrgyz-erkekleri-milli-basgaplary

Gyrgyz erkekleriñ milli başgaplary

Gyrgyzlaryñ milli başgaplary halkyň medeni mirasyny, däp-dessurlaryny, ýaşaýan geografiýasyny we ýaşaýan ýeriniň howa şertlerini görkezýär.

23 Nisan 2022 12:27

Gyrgyz medeniýetinde başgaplar diñe kelläni goramak bilen çäklenmän olar  adamyñ eýe bolan şahsyýet- abraýyny we egin-eşigini tamamlaýan aksessuar hökmünde ulanylýar.

Gyrgyzystanyñ erkek milli başgaplarynyñ naýbaşylary: Malakaý, Tebeteý we Kalpak

Malakaý

Malakaý, ýaş erkek çagalaryñ geýýän başgabydyr.  Geçmişde malakaý tebeteýin aşagyndan geýilýärdi. Malakaý telpegi esasan çal, goňur, gara we ak reñkli keçeden ýasalýar. Görnüşi milli Gyrgyz çadyryna meñzeýär. Dört ýada bäş bölekden emele gelýär. Telpek milli nagyşlar bilen bezelýär.

Tebeteý

Tebeteý, elli ýaşdan ýokary bolan ýaşulylaryñ geýýän başgapdyr. Köplenç gyş paslynda geýilýär. Çeşmişde halkyñ we çopanlaryñ tebeteýi goýun derisinden, orta synp döwlet gullukçylaryñ tebeteýi tilkiñ dersisinden, hanlaryñ tebeteýi bolsa ansar kürkünden dikilýärdi. Haýwan derileri 20 santimer ululykda dörtburç bölekden emele gelýär. Telpegiñ ýokarky bölegi kwadrat görnüşde bolup esasanam gara reñkli mahmaldan dikiliýär. Mahmalyñ ýüzüne geometrik nagyşlar çaýylýar.

Kalpak

Kalpak, ak keçeden dikilýär we zamanamyzda ulanylýan milli erkek başgabydyr. Kalpagyñ ýüzüne çaýylan her nagyşyñ çuññur manysy bar.

Kalpak depede birleşdirilen dört bölekden durýar. Bu dört bölek ýaradylyşyň dört esasy düzümini alamatlandyrýar: ot, suw, howa we toprak.

Adam ömrüniň esasyny emele getirýän bu dört düzümiñ kalpakda birleşmegi, telpegi başyñ üstünde götermegiň zerurlygyny görkezýär.

Habarlar