gyrgyz-respublikasyny-prezidenti-sadyr-aparow-53-asynda

Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Žaparow 53 ýaşynda….

Gyrgyzystanda prezident Sadyr Žaparowyñ şugun ýaş toýy bellendi.

09 Aralık 2021 13:30

53 ýaş toýuny belleýän Sadyr Žaparow, 1968-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Yssyk köliñ etegindäki Keng-Suu obasynda dünýä indi.

Žaparowyň maşgalasy 1930-njy ýyllarda Sowet režiminden gaçyp, Gündogar Türküstana sygynan we 1960-njy ýyllardaýurda gaýdyp gelen gyrgyz maşgalalaryndandy.

Sadyr Žaparow, orta mekdebi gutarandan soň harby gulluga gitdi. Soňra Gyrgyzystanyň Milli beden-terbiýe we sport akademiýasyna we ahyrynda Gyrgyz-Rus slawýan uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlady.

Žaparow syýasy karýerasyna 2005-nji ýyldaky Çigildem rewolýusiýasyndan soň başlady.

2005-nji ýylda ýokary Geňeşiň agzasy we 2007-nji ýylda Amnistiýa Geňeşiniň wise-prezidenti boldy.

2007-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlarynda deputat bolup saýlanan hem bolsa Prezident Kurmanbek Bakiýewiñ geňeşçisi bolup işlemäge dowam etdi.

2008-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli Korrupsiýanyň öňüni almak boýunça milli gullugyň ygtyýarly wekili bolup işledi.

2010-njy ýylda Prezident Bakiýew agdarylandan soň, parlament saýlawlaryna gatnaşan Sadyr Žapaparow deputat hökmünde saýlandy.

Kumtor altyn käniniň millileşdirilmegini öñe süren Žaparow häkimiýeti güýç bilen ele almak bilen günäkärlendi we 1 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Türmeden çykanyndan soñ dört ýyl daşary ýurtda ýaşanyndan soñ Žaparow 2017-nji ýylda Gyrgyzystana gaýdyp gelende ýene tussag edildi. Türmedekä kakasy, ejesi we ogly dünýeden ötdi.

Üç ýarym ýyl türmede ýatan Sadyr Žaparow geçen ýylyň oktýabr aýynda  ýurtda baş beren wakalaryñ dowamynda türmeden çykaryldy.

Ilki premýer-ministr wezipesine bellenen Žaparow şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen prezident  saýlawlarda seslerin 79,2 göterimini alyp prezident bolup saýlandy.

Gyrgyzystanda "Halk adamy" ady bilen tanalýan Sadyr žaparow maý aýynda TRT teleýaýlymyna interwýu berdi.

Gyrgyz lideriniň "Syýasatda on ýyl" atly kitaby türk diline terjime edildi we geçen hepde Türkiýedäki kitap dükanlarynyň tekjelerinde orun aldy.

Habarlar