gyrgyz-respublikasyny-prezidenti-sadyr-japarow-russi-ada-saparda

Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Japarow Russiýada saparda

Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Japarow paýtagt Moskwada Russiýa Federasiýasynyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy.

25 Şubat 2021 10:51

Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Japarow 2021-nji ýylyñ 10-njy ýanwarynda geçirilen prezident saýlawlaryndan ýeñiş gazanyp 28-nji ýanwarda kasam edip wezipesine başlanyndan soñ ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa guraýar.

2 günlik resmi sapar bilen Moskwa gelen Prezident Sadyr Japarow saparynyñ 1-nji gününde Russiýa Federasiýasynyñ prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Iki lider duşuşykda syýasy, söwda, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden başga-da, integrasiýa arkalaşyklarynyň çäginde hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşdy.

Prezident Japarowyñ Moskwadaky sapary çäginde Russiýanyñ premmýer ministri Mihail Mişuştin, Russiýa Federasiýasynyň Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko we DUMA-nyň başlygy Weçeslaw Wolodin, Rus işewür adamlary we  Russiýada bilim alýan gyrgyz talyplary bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Prezident Sadyr Japorow sapary çäginde metbugata beren beýanatynda Prezidenlige saýlanandan soñ ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa guramagynyñ Russiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryñ ýokary derejede  bolandygyny görkezýändigini nygtap; “ Biz strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdireris” diýdi.

Gyrgyzystanda baş beren syýasy krizisiñ çözülmeginde beren goldawlary üçin Prezident Putine sag bolsun aýdan Prezident Japarow  Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy, Kolektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

Prezident Japarow  koronawirus ýokanç keseline garşy göreş çäginde berýän goldawlary üçin Russiýa minnetdarlygyny bildirip ýakyn gelejekde ýurtda koronawirus sanjyma başlanjakdygyny aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hem öz nobatynda iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň birinji orunda durmagyndan hoşal bolandyklaryny belläp Gyrgyzystandaky syýasy ýagdaýyñ kadalaşmagyny tama edýändiklerini aýtdy.

Habarlar