gyrgyz-sygry-etini-esasy-sahsy-etlerinden-biri-alikul-osmonow

Gyrgyz şygryýetiniň esasy şahsyýetlerinden biri: Alikul Osmonow

Görgüleriň şahyry diýip tanalýan Alikul Osmonowyň gyrgyz edebiýatynda möhüm orny bar.

14 Ocak 2022 15:21

Gyrgyz şahyr Alikul Osmonow, 1915-nji ýylda Jüý welaýatynda dünýä indi.  Çaga ýaşda ene-atasyny ýitiren Alikul ýetimler öýünde ulaldy.

1941-nji ýylda öýlenen Alikul Osmonow, 1942-nji ýylda dünýä inen gyzyny heniz bäbek wagty ýitirdi. Bu ajy şahyryň çagalykda duçar bolan inçekeseliň täsirini güýçlendirýär. Alikul Osmonow heniz 35 ýaşyndaka 1950-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Bişkekde dünýeden ötdi.

Alikul Osmonow bütin ömrüni poeziýa bagyşlady, bu durmuşda poeziýadan has gymmatly zat ýok ýaly ýaşady. Dünýä klassyklaryny terjime etdi. şygyrlarynda watançylyk, söýgi, ölüm we tebigat temalaryny wasp etdi.

Keseline şypa tapmak üçin ýygy-ýygy ýygydan barýan Yssyk köl goşgularynda möhüm orny eýeleýär. Onuň goşgulary gyrgyz edebiýatynyň ruhy baýlygynyň göwheri ýalydyr.

Gyrgyz halky Alikul Osmonow bilen buýsanýar. Onuñ adyny gyrgyz döwlet kitaphanasy, köp köçeler we mekdepler göterýär.

Alikul Osmanow adynda döwlet baýragy bar. Gyrgyzystanyň milli walýutasy bolan 200 som banknotda onuň suraty bar.

Türki dilli döwletleriñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ, Alikul Osmanowyñ edebi mirasynyñ Türki dünýäsinde eýe bolan ähmiýetinini göz öňünde tutup, şahyryñ “ Men, şahyry Gyrgyzyñ”atly kitabyny türk dilinde çap etdi.

Habarlar