gyrgyz-zenanlaryny-irginsiz-z-hmetini-miwesi-bolan-syrdak

Gyrgyz zenanlarynyň irginsiz zähmetiniň miwesi bolan “ Şyrdak”

Gyrgyz zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan “Şyrdak” el işleriniñ aýrylmaz bölegidir.

20 Ağustos 2021 19:57

“Şyrdak” Gyrgyz halkynyñ medeni mirasynyñ iñ esasy bölegidir. Reñkli we nagyşly ýer kilimi bolan “Şyrdak” keçeden edilýär.

Çarwa  durmuşda şyrdak,  çadyrlary gyşyna yssy tomsuna bolsa salkyn tutýar

Şyrdak, yhlasly, irginsiz zähmeti talap edýär. Nagyşlar doly çyzylyp bolnandan soňra, olary keçe salyşmaga gelen gyz-gelinler dürli reňkli ýüňler bilen bezeýärler.  Nagyşlaryñ manysyna we reñkleriñ biri-biri bilen sazlaşygyna uly ähmiýet berilýär. Bir şyrdak iki aýa golaý taýar bolýar. Milli el işleri sosial agzybirligi we raýdaşlygy berkitmäge hem uly goşant goşýar.

Şyrdak, ÝUNESKO-nyñ adamzadyñ maddy däl medeni mirasynyñ wekilçilik sanawynda orun alýar.

Habarlar