gyrgyzlary-milli-o-uny-gyz-kuuma

Gyrgyzlaryñ milli oýuny: Gyz Kuumaý

Gyz Kuumaý oýny, at üstünde oýnalýan oýunyñ ady.

15 Nisan 2022 12:12

Çarwa durmuş ýörelgesini kabul eden gyrgyz halkynyň durmuşynda atyñ aýratyn ähmiýeti bardyr. Gyrgyz milli oýunlaryndan biri bolan “ kız kuumaý” atyñ üstünde oýnalýan bir oýun.

Nesilden nesle geçip gelýän bu oýun, Gyrgyzlaryñ iñ köp oýnaýan oýunlaryndan biridir.

“Gyz kuumaý” oýny, Gyrgyzlardan daşary Gazak we Özbekleriñ başda durmagynda Merkezi Aziýada ýaşaýan köp halkyñ oýnaýan oýnudyr.

Oýnyñ düzgüni:

"Gyz Kuumaý" oynamak üçin iñ esasy şert adalgy bolmak.

Oýun, bir gyz we bir erkek tarapyndan oýnalýar.

Bir ýada iki tapgyrdan emele gelýär

Düzgüne görä gyz münjek atyny özi saýlaýar we bäsdeşinden birnäçe metr öñde durup aty bilen gaçmaga başlaýar. Oglan yz ýanyndan ony tutjak bolýar. Eger pelleknaha ýetmän gyzy tutup bilse oña öýlenmägi teklip edýär. Eger tutup bilmese gyz bilen öýlenme mümkinçiligini ýitirýär. Bu gezek gyz oglany kowalaýar. Gyz erkegi tutup bilse oglan oýunda ýeñileni üçin oýny tomaşa etmäge gelenlere goýun kesip paýlamaly bolýar.

Zamanamyzda “ gyz kuumaý” oýny baýramlarda we toý-dabaralarda oýnalýar, ýöne esasy manysyny ýitirip gyzykly bir oýun görnüşine öwrüldi.

Habarlar