gyrgyzystan-aksakal-ge-esini-mejlisini-gazagystanda-gecirmegi-teklip-etdi

Gyrgyzystan Aksakal Geňeşiniň mejlisini Gazagystanda geçirmegi teklip etdi

Gyrgyzystan, Türki Döwletleriñ Guramasynyñ Aksakal Geñeşiniñ mejlisini Gazagystanda geçirmegi teklip etdi.

12 Ocak 2022 10:02

Gyrgyzystanyñ daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, 11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Gazagystanda baş berýän wakalar güntertibi bilen geçirilen adatdan daşary onlaýn duşuşygyna gatnaşdy.

Gyrgyzystanyñ 2022-nji ýylyñ 2-nji ýanwarynda goñşy döwlet Gazagystanda baş beren wakalary üns merkezinde saklamaga dowam edýändigini nygtan Kazakbaýew, Gazagystanda ýüze çykan ähli meseleleri konstitusion hukugyň çäklerinde hem-de halkara kadalara we düzgünlere laýyklykda çözmek üçin Gyrgyzystanyñ gerekli tagallalary amala aşyrjakdygyny aýtdy.

Kazakbaýew, Gazagystan tarapynyň ýüz tutmagy bilen Gyrgyzystanyň tejribeli ofiser we şertnamalaýyn esgerlerden ybarat bolan çäkli bir toparyny diňe strategiki nokatlary goramak üçin Gazagystana ugradandygyny ýatlatdy.

Kazakbaýew, Türki Döwletleriñ Guramasynyñ Aksakal Geñeşiniñ mejlisini ýakyn gelejekde Gazagystanda geçirmegi teklip etdi.

Habarlar