gyrgyzystan-dun-d-ki-i-gadymy-sungat-eseri-hasaplan-an-petroglifleri-mekanyd

Gyrgyzystan, dünýädäki iň gadymy sungat eseri hasaplanýan petroglifleriň mekanydyr

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekden 260 km uzaklykda, Çolpon-Ata şäherinde 42 gektar meýdanda orun alýan Çolpon-Ata Petroglif açyk howa muzeýinde, 30 santimetrden 3 metre çenli ölçegli ýüzlerçe gaýa sergilenýär.

22 Ağustos 2021 23:22

Dünýädäki iň gadymy sungat eserleri hasaplanýan petroglifler, gaýanyň üstünde çekilen suratlary aňladýar.

Çolpon-Ata Petroglif açyk howa muzeýindäki gaýalaryñ ýüzünde aw medeniýeti, haýwanlar bilen göreş sahnalary, awçylaryň şekilleri, simwoliki çyzyklar, togalak we gönüburçly şekiller bar. Gaýalaryñ ýüzüne çyzylan suratlar döwrüñ adamlarynyñ ýaşaýyş durmuşy, ynançlary barasynda bilim adamlaryna ýol görkezýär.

Gyrgyzystanda 8 tapawutly sebitde petroglif eserler bar

Çolpon-Ata Petroglif Açyk howa muzeýindäki gaýa suratlaryna meňzeş gaýalar we daşlar ýurduň Talas, Issyk köl we Jelalabad sebitleriniň 8 tapawutly sebitinde duş gelýär.

Petroflif eserlerden başga-da mazar daşlarynyñ hem sergilenýän Petroglif açyk howa muzeýine her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden uly gyzyklanma görkezilýär.

Issyk Göl döwlet taryh we medeniýeti açyk howa muzeýiniň müdiri Žanat Soodokeýew beren interwýusynda Türkiýeden gelýän syýahatçylaryñ petroglif eserlere uly gyzyklanma görkezýändiklerini aýtdy.

Gyrgyz halkynyñ bu açyk howa muzeýdäki sungat eserlerine uly gyzyklanma görkezýändigini gürrüñ beren Soodokeýew: “ Gyrgyz halky üçin bu ýeriñ gymmaty çäksiz. Esasanam medeni gymmatlylygymyz taýdan ata-babalarymyzyñ we gadymy Türk taryhymyzyñ geçmişi bu ýerde”-diýdi.

Soodokeýew gaýalaryñ ýüzündäki suratlar we şekilleriñ zamanamyzda Gyrgyz halkynyñ milli çadyr we halylarynda köp ulanylýandygyny aýtdy.

Soodokeýew,Týan Şan dag etekleri we Yssyk köl dag etekleriniň arasynda orun alýan muzeýiň uly energiýasynyň bardygyny belläp geçen Soodokeýew, muzeýiň gadymy türk taryhy bilen gyzyklanýanlar we taryhy ýüpek ýoly hakynda maglumat ýygnamaga gelenlerin  salgydygyny aýtdy.

Habarlar