gyrgyzystan-turki-e-manas-uniwersiteti

Gyrgyzystan-Türkiýe Manas Uniwersiteti

Gyrgyzystan-Türkiýe Manas Uniwersiteti, Türki dünýäsine we adamzada gymmatlyk goşýan "Halkara derejede hormatlanýan we ykrar edilen uniwersitet" bolmak ugrunda uly gadamlar atýar.

26 Kasım 2021 19:13

Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersitetini döretmek baradaky ylalaşyga 1995-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkiýäniñ Izmir şäherinde gol çekildi. 1997-1998-nji okuw ýylynda talyplary kabul edip başlady.

Bu ýokary okuw jaýy, Türkiýe we Gyrgyzystandaky döwlet uniwersitetleri bilen birmeñzeş statusda. Ýokary okuw jaýynda bilim mugt we talyplara “Giriş kwota stipendiýasy”, “Akademiki üstünlik stipendiýasy”, “Goldaw stipendiýasy” we “Milli sportçy stipendiýasy” berilýär.

Türkiýeden gelen talyplar, talyp haklaryndan peýdalanyp bilýärler.  Okuw kitaplary uniwersitet tarapyndan üpjün edilýär. Bilim Türk we gyrgyz dilinde berilýär. Käbir bölümlerde rus, iñlis we hytaý dillerinde bilim berilýär.

Uniwersitetiñ 11 fakulteti, 1 ýokary  mekdebi we 1 hünär mekdebi bar. Talyplar saglygy goraýyş hyzmatlary, umumy ýaşaýyş jaýlary we öýlerinden, sport, jemgyýetçilik we medeni çärelerden peýdalanyp bilýärler.

Uniwersitetiň öñde goýan maksatnamasy, Türki dilli döwletler bilen Türk we garyndaş halklardaky ýaşlaryñ başda durmagynda bilime ynanýan ýaşlaryñ bilelikde bilim almalaryny üpjün etmek we umumy añy döretmek, başarnykly we özüne ynamly ýaşlar ýetişdirmek, umumy medeni gymmatlyklarymyzyň töwereginde ahlak ýörelgeleri we ähliumumy gymmatlyklar bilen gurşalan,  jemgyýetçilik jogapkärçiligine eýe bolan adamlary ösdürip ýetişdirmek we dünýä ylymyna, esasanam Türk Siwilizasiýasyna goşant goşmak.

Habarlar