gyrgyzystanda-5-nji-martda-milli-ak-kalpak-telpek-guni-bellen-r

Gyrgyzystanda 5-nji martda “Milli Ak Kalpak (telpek)” güni bellenýär

Gyrgyzystanda 5-nji mart “ Milli ak kalpak” güni mynasybetli milli lybasly baýramçylyk ýörişi geçirildi.

04 Mart 2021 23:55

Medeniýet, informatika, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan paýtagt Bişkekdäki Ala-Too meýdanynda "5-nji mart Milli Ak Kalpak güni" mynasybetli  baýramçylyk çäresi gurnaldy.

Ähli ýaş toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen çäre, milli lybasly jemgyýetçilik guramalarynyñ wekilleriniñ, ýurtdaky etnik halklaryň, ýay-ok atma federasiýasynyň wekilleriniň milli we harby lybasly ýörişi bilen başlady.

Ýörişiñ başynda Gyrgyzystanyň Milli gwardiýasynyň esgerleri äpet gyrgyz baýdagyny egninde göterdiler, gyrgyz halkynyň 40 neslini wekilçilik edýän erkekler bolsa ak reňkli “Ak Kalpagy” tanatdylar.

Döwlet senasynyñ ýañlanmagy bilen dowam eden çärede Manas eposynyñ bölümleri okaldy, watany wasp edýän aýdymlar, tanslar ýerine ýetirildi.

Medeniýet, informatika, sport we ýaşlar syýasaty ministri Kaýrat Imanaliýew çärede eden çykyşynda Gyrgyz halkyny 5-nji mart milli ak kaplak güni bilen gutlap: “ Garaşsyz halk we garaşsyz döwlet bolup bütindünýä milli lybaslarymyzy we gymmatlyklarymyzy tanatmaga dowam ederis” -diýdi.

Habarlar