gyrgyzystanda-dowlet-ba-dagyny-guni-bellendi

Gyrgyzystanda Döwlet Baýdagynyñ güni bellendi

Gyrgyzystanda döwlet baýdagynyñ güni dabaraly ýagdaýda bellendi.

03 Mart 2021 13:25

Paýtagt Bişkekdäki Ala-Too meýdanynda döwlet baýdagynyñ güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy gurnaldy. Dabara döwlet senasynyñ ýañlanmagy bilen başlady.

Bişkek şäher häkimi Baktybek Kudaýbergenow eden çykyşynda: “ Parlament, 29 ýyl ozal 1992-nji ýylyñ 3-nji martynda Gyrgzystan Döwlet baýdagyny kabul etdi. Garaşsyz Gyrgyzystanda baýdak ilkinji gezek 1992-nji ýylyñ 5-nji martynda pasyrdadyldy. Baýdagy Edil Aýdarbekow, Bekbosun Žaýçybekow, Sadyr Iptarow, Žusup Mataýew we Mamatbek Sydykowlar taýarladylar. Döwlet baýdagynyñ güni 2010-njy ýyldan bäri baýramçylyk dabaralary bilen uludan bellenýär” diýdi.

Gazagystanyñ paýtagty Nursoltanda resmi sapary dowam edýän Prezident Sadyr Japarow döwlet baýdagynyñ güni mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde gyzyl baýdagyñ ýurduñ garaşsyzlygyny we asudalygynyñ nyşanasy bolandygyny, Gyrgyz halkynyñ ruhy gymmatlyklary we taryhy ýoluny añladýandygyny aýtdy.

Ýurduñ geljegi üçin bir baýdagyñ astynda jemlenişilmelidigini nygtan prezident Japarow Gyrgyz halkyny döwlet baýdagynyñ güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gyrgzysystanyñ premýer ministri Ulukbek Maripow hem baýramçylyk güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi. Ýüzlenmede baýdagyň her bir raýatyň buýsanjydygyny, watançylyk  ruhy we döwlete bolan söýginiñ tymsalydygyny bellendi.

Habarlar