gyrgyzystanda-dowlet-ba-dak-guni-uludan-bellendi

Gyrgyzystanda Döwlet Baýdak güni uludan bellendi

Gyrgyzystanda 3-nji Mart Döwlet Baýdak güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy gurnaldy.

03 Mart 2022 11:36

Döwlet baýdagynyñ kabul edilşiniñ 30 ýyllygy mynasybetli paýtagt Bişkekde Ala-Too Meýdanynda baýramçylyk dabarasy gurnaldy.

Döwlet senasynyñ ýañlanmagy bilen başlaýan dabarada çykyş eden ýurduñ prezidenti Sadyr Žaparow, Gyrgyz halkynyñ döwlet bayrak güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gyrgyzystanyñ parlamenty 1992-nji ýylyñ 3-nji Martyndan Gyrgyzystanyñ döwlet baýdagyny kabul etdi we garaşsyz ýurtda döwlet baýdagy 1992-nji ýylyñ 5-nji martynda al-asmanda pasyrdadyldy.

Gyrgyzystanyñ döwlet baýdagy gyzyl reñkli, merkezinde kyrk şöhleli güneş, güneşiñ içinde keçe çadyrynyñ üçegindäki “ tündük” manysyny añladýan nagyşlar orun alýar.

Habarlar