gyrgyzystanda-ekologik-sy-ahatcylyk

Gyrgyzystanda ekologik syýahatçylyk

Gyrgyzystanyň ekologik syýahatçylyk pudagy günsaýyn ösýär.

27 Mayıs 2022 15:05

Gyrgyzystanda ekologik syýahatçylyk pudagy günsaýyn ösýär. Hususan-da, Týan şan daglary bu ugurda ilkinji hatarda durýar.

Ýurtda ekologik syýahatçylyga bolan gyzyklanma günsaýyn artýar.

Maý aýynyň ahyrynda ekologik syýahatçylyk möwsümi başlaýar. Ýap-ýaşyl tokaýlary, uly baglary,baý ösümlik dünýäsi, üzüm baglary, arça tokaýlary we köp sanly tebigy gözelligi özünde jemleýän ýaýlalar adamlary özüne bendi edýär.

Ekologik gezelenjiñ çäginde jahankeşdeler Gyrgyz milli çadyry bolan “ Boz üýlerde” galýarlar. At süýdünden taýarlanýan “ gymyz” myhmanlara hödür-kerem edilýär.

Ekologik syýahatçylyk bilen jahankeşdeler, çopanlaryñ özboluşly ýaşaýyş durmuşyny açyş edýärler, bürgüt bilen aw awlaýarlar, at üstünde gezelenç edýärler.

Jahankeşdelere bulardan başga-da dagda ata minme, dag gezelençleri gurnalýar, milli oýunlar görkezilýär.

Habarlar