gyrgyzystanda-gazagystan-respublikasyny-medeni-et-gunlerinin-acylys-dabarasy

Gyrgyzystanda “Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerinin” açylyş dabarasy gurnaldy

Bişkek şäheriniñ uly konsert zalynda geçirilen Gazagystan Respublikasynyñ medeniýet günleriniñ açylyş dabarasyna Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Žaparow gatnaşdy.

08 Ekim 2021 15:14

Bu çärä aýdym-saz we tans sungatynyň köp sanly janköýerleri, Gyrgyzystanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Uly gyzyklanma bildirilen konsertde gazak we gyrgyz halk aýdymlary, tanslary, häzirki zaman estradasynyň mukamlary hem-de folklor çykyşlary ýerine ýetirildi.

Gazak we gyrgyz sazandalary, aýdymçylary we tansçylary sazyň, aýdymyň hem-de tansyň ýakynlygy arkaly tomaşaçylara milli medeniýetleriň birmeňzeşligini, mähribanlygy we halklaryň ikisine-de mahsus bolan joşguny ýetirdiler. Özboluşly çykyşlar hyjuwly duýgulary döredip, artistleriň ajaýyp lybaslarda görkezen ussatlyklary tomaşaçylara ýatdan çykmajak täsirleri bagyş etdi.

Medeniýet günleri çäginde Bişkek şäherindäki kino-zallarda 3 günläp Gazak çeper filmleri görkeziler.

Prezident Sadyr Žaparow Gazagystan Otondastar gaznasynyñ  başlygy Nurtaý Abykaýew we Gazagystanyñ prezidentiniñ mejlisdäki wekili Beibit Isabaýewi kabul etdi.

Prezident Sadyr Žaparow, iki doganlyk ýurduñ arasyndaky gatnaşyklaryñ pugtalanmagyna uly goşant goşan myhmanlaryna döwlet baýragy gowşurdy.

Gazagystan Respublikasynyñ medeniýet günleri, Gazagystanyñ arheologik we çeperçilik eserleriniñ orun alýan sergi we “Turan”  folklor we etnografiýa tans toparynyñ ýerine ýetirjek ýapylyş konserti bilen soñlanar.

Habarlar