gyrgyzystanda-gys-sy-ahatcylygy

Gyrgyzystanda gyş syýahatçylygy

Gyrgyzystandaky Týan-şan daglarynyñ eteklerindäki lyža merkezleri ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ gelim gidimli ýerlerine öwrülýär.

30 Aralık 2021 18:45

Gyrgyzystan diñe baý taryhy ýadygärlikleri bilen däl eýe bolan tebigy gözellikleri bilen dünýäniñ çar künjeginden müñlerçe syýahatçynyñ üns merkezinde galmaga dowam edýär.

Gyrgyzystanda 17 sanysy açyk bolmak bilen jemi 23 sany lyža merkezi bar. Döwrebap lyža merkezleriñ aglabasy ýurduñ demirgazygyndaky Çuý we Yssyk—köl sebitlerinde orun alýar. Olar: Karakol, Çunkurçak, Orioýka, Too-Asuu, Zil, Toguk Bulak, Nevruz, Oruu-Saý, Ak-Taş, Kaşka-Su, Politeh, Susamyr, Çon-Taş we Ski-Tatyr lyža merkezleridir.

Bu merkezlerde başlangyç lyžaçylaryndan başlap hünärmenlere çenli ähli derejeler üçin lyža ýollar bar. Bu ýerlere esasanam Germaniýa, Awstriýa we Fransiýadan syýahatçylar gelýär.

Ýewropaly syýahatçylaryñ dynç almak üçin bu ýerlere gelmelerinin iñ esasy sebäbi bolsa Gyrgyzystanyñ tebigaty, amatly bahalar, owadan daglary we Gyrgyz halkynyñ deñi-taýy bolmaýan medeniýeti.

Habarlar