gyrgyzystanda-hojaly-gyrgyncylygynda-pida-bolanlar-hatyralandy

Gyrgyzystanda Hojaly gyrgynçylygynda pida bolanlar hatyralandy

Gyrgyzystanda Hojaly gyrgynçylygyň 29-nji ýyly mynasybetli hatyralama çäresi geçirildi.

24 Şubat 2021 19:14

Azerbaýjanyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasy tarapyndan geçirilen hatyralama çäresi, Hojaly  gyrgynçylygynda pida bolanlar üçin bir minutlyk  hormat dymyşlyk bilen başlady. Çärede gyrgynçylygy gürrüň berýän "Hojaly" dokumental kino-film görkezildi, foto-suratlar bilen taryh kitaplary sergilendi.

Azerbaýjanyň  Gyrgyzystandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi  Hidaýet Orujew eden çykyşynda  Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Azerbaýjanyň 7 müň ilatly Hojaly şäherinde gyrgynçylyk edendigini ýatladyp: “ Bu gyrgynçylyk diňe bir Azerbaýjan halkyna däl, eýsem tutuş adamzada garşy edilen iň uly jenaýatlaryň biridir. Azerbaýjan 44 gün dowam eden söweşde ýeňiş gazanyp 30 ýyllap Ermenistanyň basyp alyşlygy astynda bolan topraklaryny azat etdi. Ermenistanyň eden wagşylygy asla ýadymyzdan çykmaz. Biz Hojalyda pida bolanlary hatyralamaga hemişe dowam ederis ". -diýdi.

Ilçi Orujew, Azerbaýjanyň  Daglyk Garabagdaky territoriýasyny basyp alyşlykdan azat etmek üçin başladan harby operasiýadan ozal we operasiýanyň dowamynda Türkiýäniň beren syýasy we diplomatik goldawyna ünsi çekip; “ Türkiýe, diňe  Azerbaýjana goldaw bermedi, Türkiýe “adalaty” goldady. Bu sebäpdenem Türkiýä köp sag bolsun aýdýarys. Bizi goldaýan  ýurtlara hem minnetdarlygymyzy ýetirýäris diýdi.

Türkiýäniň Gyrgyzystandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jengiz Kamil Fyrat hem eden çykyşynda Hojalyda bigünä adamlar öldürüldi. Şöhratly Azerbaýjan goşyny Daglyk Garabagy azat eti. Azat edilen topraklarda gurluşyk işleri başlar. Türkiýe, sebiti täzeden dikeltmekde Azerbaýjana goldaw berer " diýdi.

Ermenistanyň ýaragly güýçleri 1992-nji ýylyň 25-nji fewraldan 26-njy fewrala geçilýän gijede Hojaly şäherinde ýaşaýan Azerbaýjanly asuda ilatyň aglabasyny öldürdi. Şol gije asuda ilatdan 613-i öldürildi, öldürlenleriň 106-sy zenan, 83-i bolsa çagady.
Garaňky gijede 1275 adam bolsa ýesir alyndy.

Habarlar