gyrgyzystanda-kok-boru-sport-b-slesiklerini-alyp-baryjylary-hem-b-slesigi-gu

Gyrgyzystanda “ kök börü” sport bäsleşikleriniñ alyp baryjylary hem bäsleşigi gürrüñ berýärler hem-de tomaşaçylara gyzykly pursatlar ýaşadýarlar

Gyrgyzystanda türki halklaryñ milli sporty bolan “ kök börü” sport bäsleşikleriniñ alyp baryjylary hem bäsleşigi gürrüñ berýärler hem de halkyñ uly gyzyklanma görkezýän oýnuñ heýejanyny tomaşaçylara ýetirip gyzykly pursatlar başdan geçirýärler.

10 Nisan 2021 15:06

Gyrgyzystanda “kök börü” oyny, milli baýramlarda we hepdäniñ dynç alyş günlerinde aýlawlarda köp sanda tomaşaçylaryñ gatnaşmagynda oýnalýar we bu oýny tejribeli kök börü alyp baryjylar gürrüñ berýär.

Nesilden nesle geçip gelýän kök börü oýnunyň ähmiýetini düşündirmek bilen, watançylyk, gaýduwsyzlyk we edermenlik duýgularyny tomaşaçylara ýetirýän ussat alyp baryjylar gyrgyz halkyna mahsus nakyllary ulanyp, tomaşaçylary gyzykly pursatlar  hem ýaşadýarlar.

At üstündäki türgenlere ýüzlenip olary höweslendirýän alyp baryjylar uzak wagtlap derwezä owlak, goýun ýada keçi postuny atyp bilmeýän türgenleri bolsa tankyt edýärler.

Gyrgyzystan Kökbörü Federasiýanyñ alyp baryjysy Erlan Şatemirow beren interwýusynda “ Gyrgyzystanda kök börü iñ söýülýän we köp tomaşa edilýän bir oýundyr. Her baýramda bu aýlawda dürli at üstünde bäsleşikler gurnalýar. Men hem 5 ýyldan bäri bu oýunlary tomaşaçylara gürrüñ berýärin. Tomaşaçylara oýnuñ heýjanyny ýetirýän we olary güýmeýärin”-diýdi.

Şatemirow kök börü oýnunyñ alyp baryjylygy käriniñ Gyrgyz halkynyñ medeni mirasynyñ esasy bölegi bolandygyny nygtap ata-babalarymyzdan bize miras galan bu oýny gürrüñ bermek, nesilden-nesle ýetirmek biziñ wezipämizdir diýdi.

Habarlar