02 Mart 2021 23:21
Mejlisiň metbugat merkezi tarapyndan berlen beýanatda: Adalat ministrligi tarapyndan taýarlanan konstitusiýa üýtgetmeler girizmek teklibi, Mejlisiñ konstitusiýa kanunçylygy, döwlet gurluşy, kazyýet we hukuk meseleleri komiteti tarapyndan kabul edilendigi we Mejlisiň Baş Assambleýasynyň güntertibine getirilendigi habar berildi.
Prezident Sadyr Japarowyñ gol çeken kararnamana laýyklykda; 2021-nji ýylyñ 11-nji aprelinde geçiriljek ýerli saýlawlar bilen bir günde konstitusiýa taslamanyñ referenduma hödürlenmegine garaşylýar.
2021-nji ýylyñ 10-njy ýanwarynda geçirilen prezident saýlawlary bilen bir günde geçirilen referendumda saýlawçylaryñ 81,49 göterimi prezident dolandyryş ulgamyna geçilmegi kabul etdi.
Gyrgyzystan 1991-2010 ýyllar aralygynda prezident dolandyryş ulgamy bilen dolandyryldy; 2010-njy ýylda geçirilen referendumdan soñ bolsa parlament dolandyryş ulgamyna geçildi.