gyrgyzystanda-nowruz-ba-ramy-uludan-bellendi

Gyrgyzystanda Nowruz baýramy uludan bellendi

Türki dilli halklaryñ esasy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy, Gyrgyzystanda uludan bellendi.

22 Mart 2021 09:33

Koronawirus epidemiýa garşy göreş çäginde paýtagt Bişkekde baýramçylyk çäreleri ýatyrylmagyna garamazdan başga şäherlerde Nowruz baýramy uludan bellendi.

Yssyk köl sebitine bagly bolan Çolpan-Ata şäher aýlawynda bir hepdeläp dowam eden at üstünde oýunlaryñ jemleýji tapgyry geçirildi we ýeñiş gazanan toparlar yglan edilip baýraklary gowşuruldy.

Gyrgyz Repsublikasynyñ prezidenti Sadyr Japarow Nowruz baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesi çap etdi. prezident Japarow ýüzlenmesinde:” Häzirki wagtda Gyrgyzystan halkyny öňküsinden has täze özgerişler garaşýar. Bu baharyñ biziň ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýeti bar. Sebäbi halkyň önünde örän möhüm we jogapkärçilikli wezipe bar. Gazanylan üstünlikleri berkitmek we reformalary amala aşyrmak üçin konstitusiýa üýtgetmeleri göz öňünde tutýan referenduma gidip näme isleýändiklerini saýlamaly "-diýip ýazdy.

Paýtagt Bişkeke 100 kilometr alysda orun alýan Tokmok şäheriniñ golaýyndaky Taldy-Bulak we Karaow obalarynda Nowruz baýramçylygyna bagyşlanyp at üstünde göreş, at ýaryşlary, kökbötü at üstünde oýun, çagalar we ýetginjekleriñ ylgama bäsleşigi, ýüp çekme ýaly milli sport bäsleşikleri gurnaldy.

Habarlar