gyrgyzystanda-sputnik-v-sanjymy-bellige-alyndy

Gyrgyzystanda “ Sputnik V” sanjymy bellige alyndy

Gyrgyzystanda kowid-19 ýokanç keseline garşy göreş çäginde Rus “ Sputnik-V” sanjymynyň bellige alynandygy mälim edildi.

23 Şubat 2021 13:55

Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen beýannamada: “Sputnik V” sanjymynyň   Derman we Medisina Enjamlar Bölümünde bellige alynandygy we köpçülikleýin sanjym üçin tassyklanandygy mälim edildi.

Gyrgyzystanda soňky 24 sagadyň dowamynda edilen kowid-19 testlerinde ýene 72 adamda koronawirusyň bardygy anyklanmagy bilen ýurtda koronawirusa ýolugan adamlaryň sany 86,000-e ýetdi. Ýurtda şu günki güne çenli koronawirusdan sagalan adamlaryň sany 82,879-a, koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany bolsa 1460-a ýetdi.

Habarlar