gyrgyzystanda-sumolok-datlysy-ta-arlan-ar

Gyrgyzystanda "sümölök” datlysy taýarlanýar

Gyrgyzystanda nesilden-nesle geçip gelýän bolçulygyň nyşany bolan "sümölök” datlysy, Nowruz baýramçylyk saçagynyñ aýrylmaz tagamlaryndan biridir.

21 Mart 2022 09:59

Türki dilli halklaryñ esasy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy ençeme asyrlar bäri uludan bellenilip gelýär. Öz gadymy gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu baýram täze günüň – döreýşiň, janlanyşyň baýramydyr. garlaryň eräp tebigatyñ janlanmagy, günüň şöhlesiniň älem-jahana ýylylyk bermegi Nowruzyň alamatlarydyr.

Nowruz adamlaryň öz howlularyna, mellek ýerlerine we öý-içerilerine serenjam bermegiň ýazky aladalarynyň başlanmagyna hem gabat gelýär. Baýramçylyga birnäçe gün galanda öýde düýpli arassaçylyk işleri başlanýar. Baýram güni bolsa täze lybaslaryny geýip, birek-biregi gutlaýarlar. Dürli tagamlar bişirip, gyzykly oýunlar oýnap, özara gürrüňler edip täsirli geçirýärler.

Gyrgyzystanda Nowruz baýramda esasy tagam sümölökdir. Ony taýýarlamak Nowruzyň aýratyn däbi bolup, ol gadymy ynanç we däplerden gelip çykýar. Sümölök, Nowruzdan bir gün öň taýýarlanyp başlanylýar, ony daň atýança uzak gije gaýnadýarlar, oňa tutuş oba ýa-da birnäçe maşgala gatnaşýar.

Sümölök datlysyny taýarlamak üçin ýag, semeni, , un we suw ulanylýar. Erkeklar datlynyñ gazana ýapyşmazlygy üçin 41 daşyñ üstüne goýulan gazany 12 sagatlap garyşdyrýarlar. Gaýnap durýan gazanyñ töwereginde ýaş zenanlar milli aýdymlar, tanslar ýerine ýetirýärler we doga edýärler.

Nowruzda taýýarlanylan sümelegi datmak sogap hasaplanylýar. Ol adamlara rysgal getirýär.  12 sagatlap gaýnadylyp bişirilen sümölök datlysy, 21-nji martda Nowruz baýramda myhmanlara hödürlenýär.

Habarlar