gyrgyzystanda-turk-dun-sini-du-ni-suguni-we-geljegi-atly-simpozium-gurnald

Gyrgyzystanda “Türk Dünýäsiniñ Düýni, Şugüni we Geljegi” atly simpozium gurnaldy

Gyrgyzystan- Türkiýe Manas Uniwersiteti we Türki dilli ýurtlaryñ Parlamentar Assambleýasy (TÜRKPA) tarapyndan Bişkek şäherinde “ Türk Dünýäsiniñ Düýni, Şugüni we Geljegi” atly simpozium gurnaldy.

18 Mart 2021 09:41

Türkiýe Beýik Millet Mejlisiniñ açylyşynyñ  100-nji ýyly, Türki dilli döwletleriñ garaşsyzlyklarynyñ 30 ýyllygy we 2021-nji ýyl -Türkiýe Respublikasy Döwlet senasynyñ ýyly mynasybetli geçirilen simpoziuma Türk we Gyrgyz deputatlar, bilim adamlary bilen bilelikde köp sanda myhman gatnaşdy

Simpoziuma Halkara Türk Akademiýanyñ başlygy Darhan Kydyrali we Türk Medeniýet we Miras Gaznasynyñ başlygy Günaý Efendiýewa online görnüşde gatnaşdy, Türkiýe Respublikasy Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Türkiýe Beýik Millet Mejlisiniñ başlygy Mustafa Şentop bolsa simpoziuma wideo ýüzlenmesi ugratdy.

Simpoziumda Türk dünýäsiniñ döwletleri we guramalar arasyndaky hyzmatdaşlyk, doganlyk halklaryñ bitewiligi, Azerbaýjan Resspublikasynyñ Daglyk Garabagda gazanan uly ýenişi we Türk Dünýäsine awaýan howplar ýaly temalarda çykyşlar edildi.

Gyrgyzystan-Türkiýe Manas Uniwersitetiñ rektory Prof. Dr. Alparslan Jeýlan eden çykyşynda şu ýyl uniwersitetiñ açylyşynyñ 25-nji ýylyny belleýändiklerini habar berdi. Alparslan Jeýlan, Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ Manas Uniwersitetinde ýetişen we uçurym bolan ýaşlaryñ bütindünýäde uly wezipeleri ýerine ýetirýändigi sözlerini ýatladyp bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin Manas Uniwersitetiniñ maşgalasy bolup irginsiz tagalla etmäge dowam ederis diýdi.

TÜRKPA-nyñ baş sekretary Altynbek Mamaýusupow eden çykyşynda, TÜRKPA-nyñ Türki dili ýurtlaryñ arasynda hyzmatdaşlygy hasam ösdürmegi maksatlaýandygyny nygtap Türk dünýäsiniñ iñ uly güýjüniñ bitewilik we jebislik bolandygyny aýtdy

Habarlar