gyrgyzystanda-turk-ge-esini-as-liderlerini-3-nji-forumy-gecirildi

Gyrgyzystanda Türk Geňeşiniň ýaş liderleriniň 3-nji forumy geçirildi

Türk Geňeşiniň ýaş liderleriniň 3-nji forumy, Türkiýe, Azerbaýjam, Gazagystan we Gyrgyzystandan ýaşlaryñ we degişli guramalaryñ wekilleriniñ gatnaşmagynda Gyrgyzystanyñ Oş şäherinde geçirildi.

03 Eylül 2021 14:53

Türk Geñeşiniñ baş sekretarynyñ orunbasary Ömer Kojaman metbugata beren beýanatynda Gyrgyz-Özbek Halkara Uniwersitetiniñ ýer eýeçiliginde 30-njy awgust-2-nji sentýabr aralygynda gurnalan Yaş liderlerin 3-nji forumuna Türk Geñeşe agza ýurtllardan 50-den gowrak ýaşlar gatnaşdy.

Gyrgyz Respublikasynyñ şanly Garaşsyzlyk toýunyñ 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen forumda türki dilli halklaryň arasyndaky doganlygy we dostlugy berkitmek maksatlandy.

Forumda çykyş eden ýaşlar, türki dilli ýurtlarda ýaşlaryñ arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýollary, tamalary, gelejekde gurnaljak tapawutly çäreler we Türk Geňeşiniň sport çäreleri barasynda teklipler hödürlediler.

Forumuñ çäginde ýaşlar, Ministrler Kabinetiniñ başlygy Ulukbek Maripow, Oş şäher häkimi Almaz Mambetow bilen bir hatarda köp sanda bilim adamlary we döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşdylar. “ Türki Dilli Halklaryñ Ruhy we Milli mirasynyñ goralyp saklanmagynda  ýaşlaryñ tutýan orny” atly ylmy-maslahata gatnaşdylar.

Türk Geňeşiniň ýaş liderleriniñ 1-nji forumy Azerbaýjanda, 2-njisi Gazagystanda we 3-njisi Gyrgyzystanda gurnaldy. Forumun 4-njisi bolsa Özbegistanyñ paýtagty Daşkentde 2021-nji ýylyñ 20-nji sentýabrynda geçirier.

Habarlar