gyrgyzystanda-vi-butindun-halk-dessanlary-festiwaly-gecirildi

Gyrgyzystanda VI Bütindünýä Halk dessanlary festiwaly geçirildi

Gyrgyzystanyñ paýtagty Bişkekde bütindünýä halklarynyñ dessan miraslaryny gorap saklamagy maksatlaýan VI bütindünýä halk dessanlary festiwaly geçirildi.

27 Eylül 2021 09:54

Gyrgyzystanyñ şanly garaşsyzlygynyñ 30 ýyllygyna we Gyrgyz halkynyñ tanymal şahyr we dessançysy Togolok Moldona bagyşlanan festiwal medeniýet, informatika, sport we ýaşyk syýasaty ministirligi, Manas we Çingiz Aýtmatow Milli Akademiýasy we Art Araba jemgyýetçilik guramasynyñ hyzmatdaşlygynda geçirildi.

3 günläp dowam eden festiwal üçin Döwlet Konsert binasynyñ öñünde milli çadyrlar dikildi, milli egin-eşikler, milli tagamlar bilen bir hatarda daşary ýurt tagamlary we çeperçilik sungatyndan nusgalar tanadyldy.

Festiwalyñ çäginde festiwala gatnaşan ýurtlaryñ wekilleriniñ gatnaşmagynda togalak stol maslahaty geçirildi. Maslahatda dessanlaryñ eýe bolan ähmiýeti barasynda çykyşlar edildi.

Festiwalyñ ýapylyş dabarasyna Gyrgyzystanyñ medeniýet hazynasy Manas dessanyny tutuş ýatdan bilýän 16 sany dessançy sahna aldy.

Medeniýet, ınformatika, sport we ýaşlar syýasaty ministri Kaýrat Imanaliýew dabarada eden çykyşynda  ähli manasçylary bir üçek astynda jemlejek Manas teatryny döretmek baradaky kararyñ Ministirler Kabinetinde kabul edilendigini habar berdi,

Festiwalyñ çäginde” iñ gowy çadyr”, “ iñ gowy Semeteýji” we “çarwa lybaslar” bäsleşiginde derejä mynasyp bolanlara pul baýragy gowşuryldy.

Festiwal şahyr Togolok Moldonyň durmuşyny gürrüñ berýän spektaklyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.

Habarlar