gyrgyzystandaky-cunkurcak-julgesi

Gyrgyzystandaky Çunkurçak jülgesi

Gyrgyzystanda tebigy gözelligi we arassa howasy bilen tanymal bolan Çunkurçak jülgesi, lyža we dynç alyş merkezleri bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

30 Mart 2021 12:00

Paýtagt Bişkekden 30 kilometr uzakda, Tañry daglarynyñ eteklerinde orun alýan Çunkurçak jülgesi, gyş alsynda lyža merkezi bolýar, tomus paslynda bolsa dynç alyş merkezleri bilen hyzmat berýär.

Deñizden 2400 metr beýiklikde orun alýan we ady “ oýyk” manysyny añladýan Çunkurçak jülgesi, Bişkek şäherine golaý beýik daglyk jülgesi bolmak bilen tapawutlanýar.

Gyşda jülgä lyžada sypmak üçin gelýäñ Bişkekliler tomuş paslynda bolsa bu ýerik gelip at südüni içýärler, dynç alýarlar, tebigata gezelenje çykýarlar.

Jülgäniñ kenarynda orun alýan döwrebap çadyrlar 24 sagat hyzmat berýär.

Çunkurçak jülgesi, seýrek duş gelýän läle görnüşlerini goramak maksady bilen döredilen Milli Botanika Seýilgähi, lyža merkezleri we syyahatçylyk pudagynyñ dürli görnüşleri üçin amatly şertler döredýär.

Çunkurçak, toýun toprak ýollary bilen welosiped sürmek we beýleki dag sportlary üçin amatly şert döredýär.

Habarlar