gyrgyzystandaky-edi-okuz-julgesi-we-erteki-kan-ony

Gyrgyzystandaky “Ýedi Öküz Jülgesi” we “Erteki Kanýony”

Gyrgyzystandaky “ýedi öküz jülgesi” we “erteki kanýony”, tebigy gözelligi bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ ünsüni özüne çekýär.

29 Mart 2021 22:53

Ýedi öküz jülgesi

Gyrgyzystandaky ýedi öküz jülgesi we erteki kanýony,dag, tokaýlyk ýerleri we şarlawugy bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ ünsüni özüne çekýär.

Ýedi öküz jülgesi, Ysyk köl welaýatyndaky krater köli bolan Ysyk kölüñ günorta kenarynda we Teskeý Ala Too daglarynyñ eňňidinde orun alýar.

Adyny, girelgesinde ýan ýana setirleýin ýatan öküzlere meñzeýän gyzyl depelerden alan jülge, ortadan bölünen ýürege meñzeýän depesi bilen bolsa syýahatçylaryñ ünsini özüne çekýär. Bu depä esasanam är-aýal gelýär.

Dag, tokaýlyk ýerleri we şaglawugy ýaly tebigy gözellikleri we arassa howasy bilen bir hatarda  bejergi merkezi bilen jülge syýahatçylyk merkezine öwrüldi.

Jülgedäki Kök Jaýyk platosy, tokaýlary we 40 metr beýiklikdäki şarlawugy ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň esasanam tomus paslynda gezelenç etmegi üçin amatly şertler döredýär.

Erteki Kanýony

Erteki kanýony, Ysyk kölüñ günorta kenarynda welaýat merkezi Karakoldan 100 metr uzaklykda orun alýar.

Kanýon adyny, müňlerçe ýyllyk ýeriñ süýşmegi netijesinde erteki haýwanlary we köşkleri ýada salýan gyzyl toýun depelerinden alýar.

Erteki kanýony, bäş kilometr uzynlygyndaky "Hytaý diwary", pil we ýylan ýaly haýwanlary ýada salýan gyzyl toýun depeleri bilen syýahatçylary özüne çekýär.

Syýahatçylar, Ysyk köle gezelenje gelenlerinde bu kanýona hem gelip surada düşýärler.

Habarlar